Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherindäki Registan meýdanynda “Şark taronalari-2019” (“Gündogar owazlary”) XII Halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna dostlukly döwletiň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule we başga-da birnäçe ýurtdan wekiliýetler gatnaşdy.
Bu gezekki festiwala 74 döwletden
340-a golaý sungat işgäri gatnaşdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dünýäniň ençeme ýurdundan gelen sungat işgärlerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçileri hökmünde yglan etdi. Halkara aýdym-saz gözden geçirilişine dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi bilen bir hatarda Türkmenistana wekilçilik edýän “Arçabil” topary hem gatnaşdy. Ýurdumyzyň folklor toparynyň artistleri folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar, gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.
Urulyp çalynýan türkmen saz gurallarynda ajaýyp sazlary nepislik bilen ýerine ýetiren Hakberdi Allamyradowyň özbaşdak çykyşy halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň baýramçylyk ruhuny has belende göterdi. 30-njy awgustda “Şark taronalari-2019” gözden geçirilişiniň ýeňijileri hem-de onda baýrakly orunlary eýelänler belli bolup, emin agzalarynyň pikiri boýunça zehinli aýdymçy hem-de sazanda diýlip ykrar edilen artistlere sylaglar gowşuryldy.