Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk etmek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik ug­ru­dyr. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň baý tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, hä­zir­ki za­man tap­gy­ryn­da bu hyz­mat­daş­lyk tä­ze anyk maz­mu­na eýe bol­ýar. Ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma­nyň ab­raý­ly dü­züm­le­ri­ne yzy­gi­der­li saý­la­nyl­ma­gy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň be­lent mün­be­rin­den öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da, BMG ta­ra­pyn­dan hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ma­gy, Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ug­ru­nyň has-da baý­laş­ma­gy­na iter­gi ber­di.
Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si öz işi­ne baş­la­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bu iri we­ki­li­ýet­çi­lik­li fo­ru­ma yzy­gi­der­li gat­naş­ýar.
Ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi Baş As­sam­ble­ýa­nyň 74-nji mej­li­si ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry ba­bat­da ma­ka­la taý­ýar­la­dy. Şol ma­ka­la­dan gör­nü­şi ýa­ly, bu ge­zek­ki iri sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik fo­ru­myn­da-da bi­ziň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy go­rap sak­la­mak we pug­ta­lan­dyr­mak, äh­li döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tä­ze hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny we tek­lip­le­ri­ni hö­dür­lär.

TÄ­ZE BAŞ­LAN­GYÇ­LAR WE TEK­LIP­LER
Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si­niň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny we tek­lip­le­ri­ni iş ýü­zün­de ama­la aşyr­ma­gy­ny do­wam et­di­rer.
2020-nji ýyl­da bi­ziň ýur­du­myz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­sin­de 2020-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek tek­li­bi bi­len çy­kyş eder. Biz bu fo­ru­my gu­ra­mak we ge­çir­mek bo­ýun­ça BMG-niň Sek­re­ta­ria­ty, gu­ra­ma ag­za bo­lan döw­let­ler, hal­ka­ra dü­züm­ler we äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar. Türk­me­nis­tan 2021-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­sin­de ga­ra­ma­ga we ka­bul et­mä­ge hö­dür­le­ýär. Bu baş­lan­gy­jy dur­mu­şa ge­çir­mek­de BMG-ä ag­za bo­lan äh­li döw­let­le­riň ne­ti­je­li ýag­daý­da gat­naş­ma­gy­na bil bag­la­ýar.
Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň iş­jeň ag­za­sy bo­lan Türk­me­nis­tan Baş As­samb­le­ýa­nyň 74-nji mej­li­si­niň işi­niň çäk­le­rin­de ýa­kyn wagt­lar­da BMG-niň Ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ra­ma­gy tek­lip ed­ýär. Şeý­le hem BMG-niň çäk­le­rin­dä­ki iş­jeň­li­giň do­wa­my hök­mün­de Türk­me­nis­tan Baş As­samb­le­ýa­nyň 74-nji mej­li­si­niň bar­şyn­da hal­ka­ra ener­ge­ti­ki hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän hä­zir­ki za­man pi­kir­le­ri öz içi­ne al­jak BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi hem-de dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Türk­me­nis­tan ulag pu­da­gyn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge 74-nji mej­li­siň çäk­le­rin­dä­ki işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Türk­me­nis­tan 2020-nji ýyl­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň mi­nistr­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Şu jä­het­den hem ýur­du­myz bu fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­ly­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ulan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len bag­ly me­se­lä se­ret­mä­ge taý­ýar­dyr.
Türk­me­nis­tan Baş As­samb­le­ýa­nyň 74-nji mej­li­sin­de BMG-niň tä­ze Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Gel­jek­ki 74-nji mej­lis­de Türk­me­nis­tan suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra dü­zü­mi dö­ret­mek bo­ýun­ça işi iş­jeň­leş­dir­me­gi we aý­dyň­laş­dyr­ma­gy tek­lip ed­ýär.