Mo­tor­ly ulag se­riş­de­le­ri­niň bi­ri bo­lan mo­to­sikl­ler aw­tou­lag­lar ýa­ly ta­ry­hy ösü­şi baş­dan ge­çir­di. Eý­sem, il­kin­ji mo­to­sikl ha­çan peý­da bol­du­ka?! Adam­zat mo­tor­ly we­lo­si­ped ön­dür­mek ba­ra­da aw­tou­lag­dan has ir pi­kir­le­nip baş­la­dy. 1800-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da şah­sy ulag edin­mek ba­ra­da has köp ala­da edil­ýär. Şol dö­wür­ler dür­li gör­nüş­li ulag­la­ryň çy­zgy­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. 1869-njy ýyl­da, aw­tou­la­gyň oý­la­ny­lyp ta­pyl­ma­gyn­dan 17 ýyl ozal fran­si­ýa­ly Pýer Mi­ço iki ti­gir­li il­kin­ji mo­to­sik­li oý­lap tap­dy. Bug­ly mo­tor bi­len iş­le­ýän iki ti­gir­li bu ulag örän ýön­tem bo­lup­dyr. Onuň ti­gir­le­ri ýel­li hem däl eken. Bu ulag gys­ga wagt­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. 1888-nji ýyl­da bu mo­to­ra ýel be­ril­ýän ti­gir­ler otur­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de, ol bü­dür-sü­dür ýol­lar­da sürlende has ra­hat bo­lup­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ula­ga için­den ot­lan­ýan has kä­mil mo­tor­lar otur­dyl­ýar. 1900-njy ýyl­da eý­ýäm mo­tor giň­den ula­nyl­ýan we ta­nal­ýan ula­ga öw­rül­ýär. Il­kin­ji iri mo­tor ön­dü­ri­ji­ler hök­mün­de “Har­ley David­son” we “In­di­an” kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Şol dö­wür­ler adat­ça bir si­lindr­li mo­tor­lar ön­dü­ri­lip­dir. 1909-njy ýyl­da “Har­ley David­son” iki si­lindr­li il­kin­ji mo­to­ry iş­läp düz­ýär. 1914-nji ýyl­da bir mo­tor sa­gat­da 150 km tiz­lik bi­len he­re­ket edip, re­kord goýýar. 1930-njy ýyl­lar­da il­kin­ji go­zak­ly mo­tor­lar çy­kyp baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, mo­toryň ýo­lag­çy or­ny we ýük göterijiligi hem art­dy­ryl­ýar. Ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da mo­tor­la­ryň göw­rü­mi has ki­çel­dilýär. 1960-njy ýyl­lar­da “Hon­da”, “Su­zu­ki” we “Ya­ma­ha” mo­to­sikl ba­za­ry­nyň uly bö­le­gi­ni eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, ar­zan we ýo­ka­ry tiz­lik­li bo­lan­dy­gy üçin bu ulag­lar­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Dar kö­çe­ler­den geç­mek­de ýe­ňil­lik dö­red­ýän­di­gi üçin iri şä­her­le­r­de mo­to­sikl­ler has köp ula­nyl­ýar. Şeý­le hem dür­li top­rak we ho­wa şert­le­rin­de he­re­ket ed­ýän dür­lü­çe ulu­lyk­da­ky mo­to­sikl­ler bar.