Ang­li­ýa­da de­mir ýol ulag­la­ry­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny do­lan­dyr­ýan “Net­work Ra­il” şe­re­ke­ti ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin ägirt uly ma­ýa go­ru­ny gö­nük­dir­di. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da kä­bir ot­ly men­zil­le­rin­de peý­da­la­nyl­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly üp­jün edil­ýär. Ýur­duň Hemp­şir se­bi­tin­dä­ki Ol­der­şot şä­he­ri­nde otur­dy­lan 100 tö­we­re­gi Gün pa­nel­i de­mir ýol­la­ryň ýag­ty­lan­dy­ry­jy we duý­du­ry­jy çy­ra­la­ry­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün edip baş­la­dy. Bu tas­la­ma­nyň has hem gi­ňel­dil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Şe­re­ket Kent, Edin­burg, Glaz­go, Not­tin­gem, Lon­don Man­çes­ter we beý­le­ki iri şä­her­ler­dä­ki ot­ly ulag­la­ry­ny Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýär. Ener­gi­ýa­nyň bu çeş­me­si “ýa­şyl” bol­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, ar­zan­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ýurt­da 2040-njy ýy­la çen­li de­mir ýol ulag­la­ry­nyň äh­li­si­niň aras­sa ener­gi­ýa bi­len üp­jün edil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär.
Şeý­le tas­la­ma­lar dün­ýä­niň beý­le­ki iri şä­her­le­rin­de hem dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Hin­dis­tan­da üçe­gi­ne Gün pa­nel­le­ri ýer­leş­di­ri­len 250-den gow­rak ot­ly he­re­ket ed­ýär. Hin­dis­tan ot­ly ýol­la­ry to­ru­ny Gün pa­nel­le­rin­den al­nan elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­let­me­gi mak­sat edin­ýär. Gol­lan­di­ýa­da­ky ot­lu­lar bol­sa, 2-3 ýyl­dan bä­ri Ýel tur­bi­na­la­ry­nyň ön­dür­ýän ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýär. Dün­ýä­de şä­he­ri­çi ot­lu­la­ry do­lu­ly­gy­na al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len he­re­ket ed­ýän baş­ga-da bir­nä­çe şä­her bar.