Tehnologiýanyň geljegi barada maglumatlary taýýarlaýan Reý Wills atly bilermen 2023-nji ýyla çenli elektrokarlar bilen benzinli ulaglaryň bahasynyň deňeçer boljakdygyny mälim etdi. Ol 2026-njy ýylda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň ýeterlik derejede ýaýbaňlanjakdygyny aýdýar. Mundan ozal hem şeýle çaklamalar orta atylypdy. Awtoulag öndürijileriň durmuşa geçirýän maýa goýumlary nazarda tutulanda, bu çaklamalaryň dogry boljakdygyny aýtsa bolýar. “Tesla Model 3”, “Porsche Taycan” we “Nissan Leaf” ýaly elektrik energiýasy bilen işleýän modeller bu bazardan has köp paý alar. “Model 3” modeli ABŞ-da we Ýewropada şu ýylyň ikinji çärýeginde diňe elektrokarlaryň arasynda däl, eýsem, beýleki modelleriň hem birnäçesinden has köp satylypdyr. Häzirki wagtda Norwegiýadaky ähli awtoulaglaryň 12,4 göterimini “Model 3” emele getirýär. BMW, “Volkswagen” ýaly kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tapawutlanýan nemes kompaniýalary hem bu ugurda iri maýa goýumlaryny durmuşa geçirýär. Şeýle hem “Porsche” ýaly brendler öz bäsdeşleri hökmünde BMW ýa-da “Mercedes”-i däl, eýsem, “Tesla”-ny bäsdeş hasaplaýar. Ýagny, bäsdeşlik adaty ýangyçly ulaglaryň däl, elektrokarlaryň arasynda başlandy. Bilermenler has köp elektrokar modeliniň çykmagy, bu ulaglara berilýän ýeňillikleriň köpelmegi hem-de ulanyjylaryň şeýle ulaglara isleginiň ýokarlanmagy elektrokarlaryň bahasyny has elýeterli ýagdaýa getirjekdigini belleýärler.