Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volocop­ter” at­ly şe­re­ke­ti 18 per­li şä­her için­de tak­si hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ni­ýet­le­ni­len uç­ýan ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Iki orun­lyk ulag­da el goş­la­ry üçin hem ýer göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. “VoloCity” at­ly ulag elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Ýo­ka­ry dikligine gö­te­ri­lip hem-de go­nup bil­ýän ulag sa­gat­da 110 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Ula­gyň Ýew­ro­pa Awia­si­ýa Howp­suz­ly­gy Agent­li­gi­niň ül­ňü­le­ri­ne hem ga­bat gel­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Şe­re­ket go­laý­da söw­da mak­sat­ly tak­si hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak üçin inf­rast­ruk­tu­ra gur­lu­şy­gy­na baş­lar. Ola­ryň ara­syn­da ulag­la­ryň uçuş-go­nuş zo­na­la­ry hem bar. Go­laý­da kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze ula­gy Sin­ga­pur­da halk köp­çü­li­gi­niň öňün­de gör­kez­me uçu­şy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer.