Ho­wa gä­mi­le­ri­niň ara­syn­da iň köp ugur­ly­sy we geň gal­dy­ry­jy­sy di­ku­çar­dyr. Beý­le­ki ho­wa gä­mi­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da di­ku­çar dür­li ýer­le­re go­nup bil­ýär. Em­ma di­ku­çar­yň uçuş me­ha­niz­mi uçar­yň­ka ga­ra­nyň­da örän çyl­şy­rym­ly bol­ýar. Di­ku­çar, esa­san, ho­wa­da du­rup bil­ýän­di­gi, du­ran ýe­rin­de öz da­şyn­dan aý­la­nyp bil­ýän­di­gi, gap­dal­ly­gy­na we yz­ly­gy­na uçup bil­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Uça­ryň ho­wa gö­te­ril­mek üçin ge­rek­li güý­jü­ni mo­tor ber­ýär, ga­nat­la­ry bol­sa, onuň ho­wa­da he­re­ket et­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Di­ku­çar­yň ho­wa­da dur­ma­gyna mo­to­ra bag­ly per­ler­ kö­mek ed­ýär. Di­ku­çar­da 2 we on­dan hem köp per bol­ýar. Ýo­kar­syn­da ýer­leş­ýän esa­sy aý­law­ly pe­r pyr­lan­mak ar­ka­ly di­ku­ça­ry ýo­ka­ryk gal­dyr­ýar. Eger-de di­ku­ça­ryň di­ňe ýo­kar­ky per­le­ri bo­lan bol­sa, on­da ol ho­wa gö­te­ri­len­den soň­ra pe­riň aý­lan­ýan ug­ru­nyň ter­si­ne aý­la­nyp baş­la­r­dy. Şol se­bäp­li, ho­wa gä­mi­si­niň pyr­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin guý­ru­gy­na goş­ma­ça per otur­dyl­ýar. Dik­li­gi­ne otur­dy­lan per di­ku­ça­ryň aý­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar hem-de ony do­lan­dyr­mak­da ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Di­ku­ça­ra guý­ru­gyn­da­ky pe­ri aý­la­mak üçin aý­ra­tyn mo­tor otur­dyl­ma­ýar. Goş­ma­ça per esa­sy mo­to­ryň kö­me­gi bi­len aý­lan­ýar. Bu ho­wa gä­mi­si­niň esa­sy per­le­ri onuň nä­de­re­je­de beý­gel­jek­di­gi­ni, yza, gap­da­la git­me­gi­ni we aý­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de peý­da­la­nyl­ýar. Bu he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin per­le­ri­niň egik­li­gi­ni üýt­get­me­li bol­ýar.