Esasan, og­lan­lar ma­şyn, uçar ýa­ly oý­na­waç­la­ry has go­wy gör­ýär­ler. Soň­ky dö­wür­ler­de ro­bo­ta öw­rül­ýän mult­film gah­ry­man­la­ry we oý­na­waç­lar has hem kö­pel­di. “Aja­ýyp ga­nat­lar” (Su­per wings) at­ly mult­film­de ýag­şy­lyk et­mek, dost­luk ýa­ly duý­gu­lar ro­bot­lar ar­ka­ly ün­del­ýär. Mult­fil­miň esa­sy gah­ry­ma­ny Žet dür­li ýurt­la­ra ýük­le­ri gat­nat­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Onuň öňün­den haý­sy­dyr bir päs­gel­çi­lik çy­kan ýag­da­ýyn­da kö­mek­çi ýol­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de päs­gel­çi­li­gi ýe­ňip geç­ýär. Ani­ma­si­ýa fil­min­de Že­tiň bar­ýan ýur­du­nyň şä­her­le­ri, me­de­ni­ýe­ti, hal­ky, di­li, te­bi­ga­ty ba­ra­da hem mag­lu­mat be­ril­ýär. Hiç hi­li er­bet gah­ry­ma­nyň bol­ma­dyk bu mult­fil­min­de ýü­ze çy­kan äh­li päs­gel­çi­lik­le­re ga­ra­maz­dan, Žet ber­len tab­şy­ry­gy wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ol ba­ran ýe­rin­de, ça­ga­lar bi­len ola­ryň öz dil­le­rin­de sa­lam­laş­ýar we hoş­laş­ýar. Şeý­le­lik­de, ça­ga­la­ra dün­ýä ýurt­la­ry­ny we halk­la­ry­ny ta­nad­ýar. Don­ni at­ly çy­par­ja gyz­ja­gaz bol­sa emel­siz­li­gi bilen kör­pe to­ma­şa­çy­la­ryň iň ha­la­ýan gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, köp zat­la­ry bil­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gök reňk­li Je­ro­me tans et­me­gi örän go­wy gör­ýär. Ol köp­çü­lik bo­lup bi­le­lik­de iş­le­me­gi hala­ýar. Diz­zi at­ly gyz­ja­gaz bol­sa, ök­de­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol, esa­san, gyzja­gaz­la­ryň iň ha­la­ýan gah­ry­ma­ny. Mi­ra bol­sa multfilmiň su­wuň aşa­gyn­da ýü­züp bil­ýän ýe­ke-täk gah­ry­many. Gur­ba­ga meň­zeş ýa­şyl reňk­li Mi­ra suw­da we gu­ry ýer­de bir­nä­çe wa­ka­ny baş­dan ge­çir­ýär. Pol at­ly gök reňk­li gah­ry­man, esa­san, ha­las ediş to­pa­ry­nyň ter­tip-düz­gü­ni­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Bel­lo at­ly zeb­ra ýa­ly ala-mu­la gah­ry­man bol­sa, äh­li jan­ly-jan­dar­la­ryň di­li­ne dü­şün­ýär. Uly Al­bert “Aja­ýyp ga­nat­la­ryň” iň ýa­şu­ly we­ki­li. Onuň hem Don­ni­niň­ki ýa­ly gu­ral­la­ry­ny sal­ýan gutusy bar.