Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu ýy­lyň 30-njy aw­gus­tyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de oba­se­na­gat top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re hem se­re­di­lip ge­çil­di. Şon­da oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm iki möw­sü­miň öň­de du­ran­dy­gy, ola­ryň bi­ri pag­ta ýy­gy­myna, beý­le­ki­si bol­sa güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­riş­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ekiş möw­sü­mi­ni gys­ga wag­tyň için­de, ýo­ka­ry hil­li we ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da şu ýy­lyň 4-nji sent­ýab­ryn­dan baş­lap, bug­daý eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mä­ge ak pa­ta ber­di. Öňü­miz­dä­ki ýyl bug­daý ekil­jek meý­da­nyň möç­be­ri 760 müň­den 690 müň gek­ta­ra çen­li azal­dy­lar. Bug­daý taý­ýar­la­ma­gyň möç­be­ri­ni 1 mil­li­on 400 müň ton­na çen­li azalt­mak me­ýil­na­ma­laş­dy­ryl­ýar. Güýz­lük bug­daý­dan bo­şan ýer­ler go­wa­ça ek­mä­ge ber­ler.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da eder­men pag­ta­çy­la­ry­my­z tarapyndan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len, mil­li baý­ly­gy­myz bo­lan “ak al­ty­nyň” bol ha­sy­ly­ny ýyg­nap, uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­jak­dyk­la­ry­na hem-de be­lent sep­git­le­re ýet­jek­dik­le­ri­ne berk ynan­ýa­ryn di­ýip, Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 11-nji sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa, 18-nji sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di.
Pag­ta­çy­lyk – mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek we ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu ýyl go­wa­ça ek­mek üçin 550 müň gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di. Umu­my ala­nyň­da “ak al­ty­nyň” 1 mil­li­on 50 müň ton­na­sy­ny ýyg­na­mak bel­le­nil­ýär.
Ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer pag­ta­çy­la­ry­nyň ýy­lyň-ýy­ly­na ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re giň gol­daw ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li oba sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aja­ýyp mi­we­si­dir. Oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de, bu pu­da­gyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy art­ýar. Oba ho­ja­ly­gy­nyň hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik we hyz­mat dü­züm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bu ul­ga­myň mö­hüm ugur­la­ry­dyr. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, seç­gi­çi­lik yl­myn­da go­wa­ça­nyň tiz ýe­tiş­ýän bol ha­syl­ly we hil taý­dan ýo­ka­ry sü­ýüm­li tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň teh­ni­ki bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy üçin hem yzy­gi­der­li ýag­daý­da köp möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Şu mak­sat bi­len döw­let ta­ra­pyn­dan döwrebap hem-de kämil oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Şol teh­ni­ka­lar meý­dan­lar­da ne­ti­je­li iş­le­di­lip, ýer eýe­le­ri­niň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren bol ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz oba­se­na­gat pu­da­gy­nyň düýp­li ös­dü­ril­me­gi, oba zäh­met­keş­le­ri­niň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ir­gin­siz ala­da ed­ýär. Şol ala­da­la­ryň ne­ti­je­sin­de, bu pu­da­ga de­giş­li mö­hüm Ka­rar­lar ka­bul edil­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan pag­ta­nyň hem-de bug­da­ýyň sa­tyn alyş nyrh­la­ry yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ene top­rak bi­len bag­ry ba­da­şan oba zäh­met­keş­le­ri­niň gir­de­ji­si­niň art­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant bol­ýar.
Pag­ta – bi­ziň mil­li baý­ly­gy­myz. Dün­ýä­de esa­sy pag­ta ön­dü­ri­ji döw­let­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan ýur­du­myz­da bu oba ho­ja­lyk eki­ni şol bir­ wagt­da soň­ky ýyl­lar­da ösü­şi­niň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ga­dam ba­san dok­ma se­na­ga­ty üçin gym­matly çig mal­dyr. Ýur­du­myz­da döw­re­bap dok­ma top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy bi­len pag­ta­çy­la­ryň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren pag­ta­sy­nyň köp bö­le­gi şol top­lum­lar­da gaý­ta­dan iş­le­nip, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na taý­ýar önüm­ler hök­mün­de ugradylýar.
Ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry­ şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin, ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky üb­tü­gi­ne çen­li ýyg­nap al­mak üçin tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýärler. Şeý­le uly iş­le­riň sa­ka­syn­da du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ab­dyl­je­lil AZY­ZOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.