Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” ady bi­len ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de he­re­ket howp­suz­ly­gy­na ba­gyş­la­nan köp­çü­lik­le­ýin biraýlyk çäräni ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­na, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na, has ta­ky­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Şeý­le­lik­de, sent­ýabr aýy­nyň do­wa­myn­da köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­ne, we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­re tu­tuş hal­ky­myz, aý­ra­tyn-da, ýaş­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Bu bol­sa tu­tuş ýur­du­myzda bäh­bit­li iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na döw­let de­re­je­si­nde äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da bir­aý­lyk my­na­sy­bet­li giň möç­ber­li çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Onuň mak­sat­na­ma­sy­na spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek, aý­ra­tyn-da, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ne gat­naş­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re halk köp­çü­li­gi­niň işjeň gat­naş­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň köp­çü­lik­le­ýin yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Şu gün­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň merkez­le­rin­de we paý­tag­ty­myz­da ýet­gin­jek­le­riň we ulu­la­ryň ara­syn­da we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry gu­ra­lyp, ola­ryň ýe­ňi­ji­le­ri de­giş­li baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Mu­nuň özi gu­ral­ýan çä­re­le­re bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ryň art­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Şeý­le­lik­de, köp­çü­lik­le­ýin sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­ýär.
Bu ýa­ryş­lar­dan baş­ga-da, we­lo­si­ped spor­tu­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň iki­si bo­ýun­ça – to­par­la­ýyn we şah­sy ýa­ryş­lar bo­ýun­ça mil­li bi­rin­ji­lik­ler gu­ral­ýar. Oňa gat­naş­ýan to­par­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi üçin Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar­lar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ne hö­we­sek ýaş­la­ryň we us­sat tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ýyl-ýyl­dan iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men jem­gy­ýe­tin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ed­ýän ala­da­sy­nyň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gini ala­mat­lan­dyr­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi ha­sap­lanyl­ýan we­lo­si­ped spor­ty saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na düş­di. Ge­çi­ril­ýän çä­re­ler­de köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­re mö­hüm orun be­ril­me­gi spor­tuň bu gör­nü­şi­niň has-da ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tagallasy bilen soň­ky ýyl­lar­da türk­men we­lo­si­ped spor­ty bar­ha kä­mil­leş­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gör­kez­me­si­ne la­ýyk­lyk­da, we­lo­si­ped spor­tu­nyň mil­li teh­ni­ki mer­ke­zi­niň dü­zü­mi­niň işi döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de gu­ral­ýar. Şeý­le­lik­de, asyl­ly çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýan bi­raý­lyk ýo­ka­ry de­re­je­de do­wam ed­ýär.

Re­jep­my­rat An­na­my­ra­dow,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li
kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.