Hormatly Prezidentimiz 19-njy awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda şu ýyl güýzki at çapyşyklaryny sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, 7-nji sentýabrda ýetginjekleriň, 8-ine bolsa çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, behişdi bedewleri jandan söýüp ezizleýän hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjegindäki aýlawlarymyz toý şagalaňyna öwrüler. Ata-babalarymyzyň “At agynan ýerde toý bolar” diýip belläp geçişleri ýaly, aýlawlarymyz “ganatly bedewleriň” hakyky muşdaklarynyň jemlenýän ýerine öwrüler.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde, atçylyk sungaty has belent derejelere ýetirildi, ahalteke bedewlerimiziň ady dünýä doldy. Ahalteke bedewi – ol türkmeniň uçar ganaty, syrdaşydyr. Hut şonuň üçin-de ähli döwürlerde hem ata-babalarymyz bedewlere uly sarpa goýup gelýär. Behişdi bedewlerimize bagry badaşan atşynaslarymyz ýyllarboýy irginsiz zähmet çekmek bilen, seýisçilik ukyby, tälimleri bilen atçylygy ösdürip, kämilleşdirip, ony sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Bu günki gün behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyryp, milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen halky ahalteke atyny janyndan eziz görýär. Bedew ata bolan söýgi biziň ata-baba ganymyzda bar. At bilen ysnyşmak üçin diňe bir söýmek, gözelligine, düşbüligine haýran galmak ýeterlik bolmaýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy, atly sporty ösdürmek barada hem uly alada edýär. Atly sport dünýä döwletleriniň arasynda giň gerime eýe bolan sportuň bir görnüşi bolmak bilen, ýaşlarda batyrlygy, gaýduwsyzlygy, ugurtapyjylygy, çalasynlygy we öz-özüňe erk etmegi terbiýeleýär. At münmek, atly gezelenç etmek adamyň beden we ruhy sagdynlygyny terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Milli Liderimiz özüniň boş wagtyny bedewlere bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuna düşünmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak uly işleri durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär. Biziň atly ýigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda çykyş etdiler hem-de her gezek uly seslenme döretdiler. Biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Häzir Türkmenistanda behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işi alnyp barylýar. Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilmegi hem ahalteke bedewlerine bolan beýik sarpanyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda atçylyk sungatynyň kämil derejede ösdürilmegi babatda çäksiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň hemişe uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Aýnabat ANNAHANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.