Russiýanyň Moskwa we Kronştadt şäherlerinde synag maksady bilen 5G infrastrukturasy döredildi. Şu ýylyň iýunynda geçirilen Sankt-Peterburg ykdysady forumynda Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasynda bu ugurda ylalaşyk gazanylypdy. Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň ornaşdyran 5G tory Moskwanyň Sergiler Merkezini (WDNH) öz içine alýar. 28GHz we 4.9GHz ýygylyk aralyklarynda işleýän ulgam “akylly” şäher tehnologiýalaryny barlap görmek üçin ulanylar. Bu tehnologiýa ilata berilýän hyzmaty ýokarlandyrmaga we jemgyýetçilik gatnawyny gowulandyrmaga ýardam eder. “Huawei” kompaniýasynyň Russiýadaky wekili Žao Leý 5G-niň golografik telefon gepleşigi ýaly käbir ylmy-fantastiki kinolardaky gabat gelýän hyzmatlary ýola goýmaga hem mümkinçilik berjekdigini aýdýar. Moskwanyň Informasion tehnologiýalary bölüminiň başlygy Edward Lisenko 5G-niň sürüjisiz ulaglar bilen gatnawy kämilleşdirmäge ýardam etjekdigini belleýär.
Sankt-Peterburgyň golaýyndaky Kronştadt şäherinde döredilen 5G infrastrukturasy bolsa, tutuş şäheri öz içine alýar. 5G aýratynlygy bolan smartfonlaryň internet tizligi 1,2 Gbps-e
barabar bolýar. Bu bolsa “Full HD” durulygyndaky bir filmi 1 minut çemesi wagtda göçürip almaga mümkinçilik berýär. Geçen aýyň başynda “Tele2” aragatnaşyk kompaniýasy Şwesiýanyň “Ericsson” kompaniýasy bilen Moskwanyň Twerskaýa şaýolunda 5G toruny döredipdi. Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda ýurtda geçirilen dünýä Kubogynda hem “MegaFon” kompaniýasy “Nokia”-nyň 5G enjamlaryndan peýdalanyp, VR ýaýlymyny hödürläpdi. Häzirki wagtda bu kompaniýa Russiýada 5G ülňülerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin “Huawei” bilen hyzmatdaşlyk edýär.