Ýer­den 400 km tö­we­re­gi uzak­lyk­da Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­dä­ki in­ter­ne­tiň tiz­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ry­lan­dy­gy mä­lim edil­di. NA­SA bu be­ket bi­len has çalt ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak we gel­jek­de yl­my-bar­lag­la­ry­ gys­ga wagt­da ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin in­ter­net tiz­li­gi­ni iki es­se ýo­kar­lan­dy­ryp, 600 Mbps tiz­li­ge ýe­tir­di. Şeý­le hem ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ara­gat­na­şy­gy gel­jek­de gu­rul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýän “Ga­te­way” be­ke­din­de ula­nyl­jak ara­gat­na­şyk müm­kin­çi­lik­le­ri üçin hem äh­mi­ýet­li bo­lar. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di bi­len ara­gat­na­şyk Ýe­riň ýü­zün­dä­ki an­ten­na­lar hem-de Gö­zeg­çi­lik-mag­lu­mat ge­çi­ri­ji eme­li hem­ra­lar (TDRS) ar­ka­ly üp­jün edil­ýär. Kos­mos be­ke­din­den gel­ýän mag­lu­mat­lar bu eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly Ýer­dä­ki an­ten­na­la­ra ibe­ril­ýär. Bu ýer­den bol­sa ada­ty ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly de­giş­li mer­kez­le­re ibe­ril­ýär. Şeý­le çyl­şy­rym­ly­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, kos­mos be­ke­di bi­len Ýe­riň ara­syn­da­ky ara­gat­na­şyk bir se­kunt­dan hem az wagt­da ama­la aşy­ry­lyp bi­lin­ýär. Ýo­kar­lan­dy­ry­lan in­ter­net tiz­li­gi ar­ka­ly kos­mos be­ke­din­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­lar has ýo­ka­ry du­ru­ly­gyn­da­ky wi­deo­la­ry we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry gys­ga wagt­da Ýe­re ibe­rer­ler. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ast­ro­nom­lar bo­lup, ol ýer­de yl­myň bir­nä­çe ugur­la­ry­na de­giş­li bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Be­ket­de he­mi­şe al­ty adam bo­lup, her kos­mo­nawt ol ýer­de 6 aý çe­me­si bol­ýar.