Kuw­wat­ly ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan Ger­ma­ni­ýa­nyň “Porsche” kom­pa­ni­ýa­sy do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Taycan” mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Öň ta­ra­py­na LED çy­ra­lar otur­dy­lan ula­gyň ga­ba­ra­sy al­ýu­min we po­lat­dan ön­dü­ri­lip­dir. Şeý­le­lik­de ula­gyň berk we ýe­ňil bol­ma­gy ga­za­ny­lyp­dyr. In­di­ki ýyl sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak elekt­ro­ka­ryň iki gör­nü­şi bo­lar. Kuw­wa­ty, tiz­li­gi we bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len gid­ýän ara­ly­gy ta­pa­wut­ly bo­lan mo­del­ler “Taycan Tur­bo” we “Taycan Tur­bo S” diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Iki mo­de­liň hem kuw­wa­ty 616 at güý­jü­ne, tiz­li­gi 259 km/s ba­ra­bar bo­lar. “Taycan Tur­bo” bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 381- 450 km ara­ly­gyn­da ýol geç­ýän bol­sa, bu gör­ke­zi­ji “Mo­del S”-de 595 km-e ba­ra­bar. Ulag­la­ryň iki gap­da­lyn­da hem zar­ýad be­ril­ýän no­kat bo­lup, ol ula­nyl­ma­dyk wag­ty aw­to­mat ýag­daý­da içe­ gir­ýär. Onuň ba­ta­re­ýa­sy­ny 80 gö­te­rim dol­dur­mak üçin 93 mi­nut ge­rek. Em­ma gys­ga wagt­lyk tertipde 22,5 mi­nut­da 80 gö­te­ri­me çen­li zar­ýad be­rip bol­ýar. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri ýö­ri­te en­jam­dan peý­da­la­nyp 5 mi­nut zar­ýad ber­len­de onuň bi­len 99 km ýol ge­çip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Ula­gy sa­tyn alan müş­de­ri­le­re üç ýy­la çen­li ýö­ri­te zar­ýad no­kat­la­ryn­dan tö­leg­siz peý­da­lan­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. “Taycan Tur­bo” 160 müň dol­lar­dan, “Taycan Tur­bo S” 185 müň dol­lar­dan sa­ty­lar. “Porsche” gel­jek­de has el­ýe­ter­li ba­ha­ly mo­del­le­ri hem iş­läp taý­ýar­la­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di.