ABŞ-nyň “Drako Motors” şereketi dört hereketlendirijili, kuwwaty 1200 at güýjüne barabar bolan “Drago GTE” atly ulagyny tanyşdyrdy. Tehnologiýanyň kämilleşmegi netijesinde elektrik energiýasy bilen işleýän kuwwatly ulaglary işläp taýýarlamaga mümkinçilik döreýär. Bahasy 1 million 250 müň dollar boljak ulagdan bary-ýogy 25 sanysy öndüriler. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Tesla” geljek ýyl “Roadster” atly modelini satuwa çykarar. “Tesla”-nyň beýleki modellerinden has kuwwatly boljak ulagyň bahasynyň 200 müň dollar boljakdygy mälim edildi.