Esasan, gyzjagazlaryň arasynda oýnalýan ýüpde bökmek iň gyzykly oýunlaryň biri hasaplanýar. Bu gyzykly oýny oýnamak üçin gymmat sport esbaplaryny almak hökman hem däl. Şeýle hem bu oýun oglanlar üçin hem, uly ýaşly adamlar üçin hem peýdaly güýmenjeleriň biri hasaplanýar. Ýüpde bökmek diňe oýun däl-de, eýsem ol beden üçin iň peýdaly maşklaryň biri hasaplanýar. Hünärmenler her günde bary-ýogy 5 minut ýüpde bökmegiň uly peýdasynyň bardygyny aýdýarlar. Bu oýun:
• Ünslüligi artdyrýar
• Muskullary berkidýär
• Ruhy saglygy gowulandyrýar
• Bedeni taplaýar
• Hereketsizlik zerarly ýüze çykýan keselleriň öňüni alýar
6-7 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu oýnuň birnäçe görnüşi bolup, isle bir özüň, isle köplük bolup oýnasaň bolýar. Ýeke özüň oýnanyňda, öňlügine, yzlygyna we ýüpi çaprazlaýyn tutmak arkaly oýnasaň bolýar. Köplük bolup oýnalanda, ýüpüň her ujundan bir çaga tutýar. Bu ýüp ýekelikde bökülýän ýüpden has uzyn bolmalydyr. Beýleki çagalar gezekli-gezegine orta girip, yzygiderli aýlanýan ýüpden bökýär. Ýüpüň aýlanyş tizligi ýuwaş-ýuwaşdan artdyrylyp, oýun has kynlaşdyrylýar. Ýaryş görnüşinde geçirilýän bu oýunda aýagy ýüpe degen oýunçy oýundan çykyp, ýüpi tutýanlaryň biri bilen ýerini çalyşýar.
Ýüpde bökmek oýnunda üns
berilmeli zatlar:
– Ýüpde bökýän çolaşyp ýykylmazlyga üns bermeli.
– Ýüp aşa gaty tizlik bilen aýlamaly däl.
– Oýunçy ýerine geçmänkä ýüp aýlanyp başlanmaly däl.
– Ýüp ýumşak bolmaly.
– Beýleki oýunlarda bolşy ýaly, ýüpde bökmäge hem iň aňsat usul bilen başlaň!
– Bökülýän ýüpüň ýogynlygy aşa inçe ýa-da ýogyn bolmaly däl.
– Ýüpüň uzynlygy boýuňyza görä bolmaly. Ýüpüň uzynlygyny sazlamak kyn däl. Onuň ortasyny aýagyňyz bilen basyp, elleriňizi gapdallygyna biliňiziň deňinde saklap, iki ujundaky tutawaçlaryndan tutanyňyzda, ne uzyn, ne-de gysga bolmaly.