De­ňiz­dir kö­lüň ke­na­ryn­da ýa­sy da­şy alyp su­wa ta­rap ke­se­li­gi­ne zyňyp goý­ber­seň, ol bir­nä­çe ge­zek bö­küp, soň­ra su­wa çü­müp gid­ýär. Eý­sem, daş su­wuň ýü­zün­de nä­dip bö­küp bil­ýär­kä? Il­kin­ji ge­zek su­wa de­ge­nin­de nä­me üçin çüm­me­ýär­kä?! Te­bi­gat­da­ky beý­le­ki ha­dy­sa­la­rda bol­şy ýa­ly, mu­nuň hem dü­şün­di­ri­şi bar.
Su­wuň ýü­zün­de daş taý­dy­ry­lan­da, onuň nä­çe ge­zek bök­jek­di­gi­ni şe­ki­li, ulu­ly­gy we tiz­li­gi kes­git­le­ýär. Da­şy ýu­waş we dik­li­gi­ne taş­la­saň, şo­ba­da su­wuň düý­bü­ne çüm­ýär. Ýa­sy we or­ta ulu­lyk­da­ky daş­lar has go­wy taý­ýar. Şeýle hem suw­da tol­kun bolma­sa daş has köp typ­ýar. Şeý­le hem ony taý­dyr­ma­gyň ýö­ri­te usu­ly bar. Alym­lar da­şyň su­wuň ýü­zün­de bök­me­gi­ni sörf­çi tür­gen­le­riň he­re­ke­ti­ne meň­zed­ýär­ler. Ola­ryň iki­sin­de hem suw­dan ýo­kar­ly­gy­na it­ýän güýç bol­ýar we ol it­ýän güýç ta­ýyp bar­ýan ji­si­miň tiz­li­gi­ni art­dyr­ýar. Da­ş aý­lan­ýan he­re­ket bi­len zy­ňy­lan­da ol has go­wy typ­ýar. Se­bä­bi daş su­wa de­ge­nin­de hem aý­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär, bu hem onuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le­lik­de, daş aň­sat­lyk bi­len “bök­jek­läp” gid­ýär. Zy­ň­lan daş her ge­zek su­wa de­ge­nin­de ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň we sür­tül­mä­niň tä­si­ri bi­len onuň tizligi azal­ýar. Şol se­bäp­li daş bir­nä­çe ge­zek bö­ke­nin­den soň­ra ýu­wa­şap, su­wa çüm­ýär. Dün­ýä­de bir ge­zek­de iň köp daş bök­dür­mek bo­ýun­ça re­kord 2014-nji ýyl­da ha­sa­ba alyn­dy. Kurt Steý­ner da­şy 88 ge­zek bök­dür­me­gi ba­şar­dy. Bi­ler­men­ler da­şyň uzak ara­ly­ga git­me­gi üçin onuň su­wa degen mahaly 20 de­re­je­lik burçy emele getirmelidigini aýd­ýar­lar.