Dynç alyş möw­sü­mi ta­mam­lan­dy. Täze okuw ýyly baş­lan­dy. In­di ders­le­ri­mi­ze has köp wagt sarp etmeli, oka­ma­ly, öw­ren­me­li. Eý­sem, okuw ders­le­rin­den daş­ga­ry ki­tap oka­mak en­di­gi­ni edin­dik­mi? Ki­tap oka­ma­gyň peý­da­sy sa­nar­dan köp. Şol se­bäp­li oka­ma­gy en­dik et­me­gi wag­tyn­da öw­ren­mek has go­wy bo­lar. Okuw­da we dur­muş­da ge­rek bo­lan zat­la­ryň äh­li­si­ni ki­tap sa­hy­pa­la­ryn­dan ta­pyp bi­ler­si­ňiz. Ada­myň iň ýa­kyn dos­ty bo­lan ki­tap oka­ma­gy en­dik edin­me­giň kä­bir aň­sat ýol­la­ry­ny si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Mak­sat goý­mak: ki­tap­hon­lar her aý­da ýa-da ýyl­da oka­jak ki­tap­la­ry ba­ra­da öňün­de mak­sat goý­ýar­lar. Ki­tap gy­zyk­lan­ýan is­len­dik ug­ru­ňyz bi­len bag­ly has köp mag­lu­mat öw­ren­me­gi­ňi­ze ýar­dam eder, göz­ýe­ti­mi­ňi­zi gi­ňel­der. Ki­ta­by ýa­şy­ňy­za we bi­lim de­re­jä­ňi­ze gö­rä saý­la­ma­gy unut­maň! Gy­zyk­lan­ýan za­dy­ňyz ba­ra­da okap baş­la­mak si­ziň oka­mak en­di­gi­ edin­me­gi­ňi­ze ýar­dam eder. Şeý­le­lik­de ki­tap oka­mak si­zi ýa­dat­maz. Okan ki­tap­la­ry­ňy­zyň dur­muş­da we okuw­da si­ziň ba­şar­ny­gy­ňy­zy art­dyr­jak­dy­gy­ny unut­maň!
Sa­naw düz­mek: ýy­lyň do­wa­myn­da oka­jak ki­tap­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny dü­züp, soň­ra ola­ry aý­la­ra bö­lüň! Bu barada mu­gal­lym­la­ry­ňyz­dan ýa-da ki­tap oka­ma­gy ha­la­ýan deň-duş­la­ry­ňyz­dan mas­la­hat so­raň! Sa­na­wy taý­ýar ede­ni­ňiz­den soň­ra, oňa baş­lamaly we gu­tar­ma­ly se­ne­si­ni hem ýa­zyň. Ki­tap oka­ma­ly wagt ara­ly­gy ga­ty uzyn hem bol­ma­ly däl. Eger ki­çi­räk ki­tap üçin uzak wagt kes­git­le­se­ňiz, oka­mak en­di­gi­ňi­ziň ýit­me­gi müm­kin. Ki­ta­by oka­ýar­ka­ňyz ýa-da okap bo­lan­yňyzdan soň, öz pi­kir­le­ri­ňi­zi ýaz­ma­gy öw­re­niň! Bu bel­lik­ler si­ziň mag­lu­mat go­ru­ňyzyň art­ma­gy üçin örän peý­da­ly bolar.
Her gün­de bel­li bir sa­hy­pa oka­mak: go­wy ne­ti­je al­mak üçin her gün­de yzy­gi­der­li oka­ma­gy ýat­dan çy­kar­maň! Her gün­de oka­ma­ly sa­hy­pa­ňy­zy kes­git­läň we şon­dan az oka­ma­jak bo­luň! Bel­li bir wagt ge­çen­den soň­ra ki­tap oka­ma­ga how­lu­gar­sy­ňyz. Mak­sa­dy­ňyz ki­ta­by gys­ga wagt­da ta­mam­la­mak däl-de, oňa dü­şün­mek bol­sun! Ýag­ny, oka­mak üçin oka­maň! Ta­mam­lan ese­ri­ňi­zi baş­ga bi­ri­ne gür­rüň be­rip bil­jek de­re­je­de dü­şü­nen bol­ma­ly­sy­ňyz.
Dog­ry ýe­ri saý­laň: Is­le how­lu­da, is­le se­ýil­gäh­de ki­tap okap bi­ler­si­ňiz. Em­ma si­zi oka­ma­ga hö­wes­len­dir­jek ýer­de okaň! My­sal üçin, stol­da oka­ma­gy ha­la­ýan bol­sa­ňyz, stol­da okaň! Hä­zir­ki wagt­da elekt­ron ki­tap­lar, bu ki­tap­la­ry oka­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te mo­bil en­jam­lar hem az däl. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, elekt­ron en­jam­la­ryň çap edi­len ada­ty ki­tap­la­ryň or­nu­ny tu­tup bil­me­jek­di­gi­ni aýd­ýan­lar hem az däl. Siz özü­ňiz üçin haý­sysy amat­ly bol­sa, şo­ny saý­laň! Plan­şet, smart­fon ýa­ly en­jam­lar­da oka­lan­da, onuň gö­zü­ňizi ýa­dad­ýan­dy­gy­ny unut­maň! Em­ma elekt­ron ki­tap oka­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te en­jam­lar ak-ga­ra reňk­li bo­lup, ol şöhle saç­ma­ýanlygy sebäpli gö­zü­ňi ýa­dat­ma­ýar.
Wag­ty­ny we gün­le­ri­ni kes­git­le­mek: beý­le­ki iş­le­ri­ňi­zi hem göz öňün­de tu­tup, her gün­de ki­tap okal­jak wag­ty­ňy­zy kes­git­läň! Ki­tap oka­ma­ga baş­la­maz­dan öň, ün­sü­ňi­zi böl­jek äh­li za­dy aýy­ryň! Te­le­fon, te­le­wi­zor, komp­ýu­ter ýa­ly zat­lar­dan daş­la­şyň! Gün­de 30-40 mi­nu­ty ki­tap oka­ma­ga ni­ýet­läp bi­ler­si­ňiz. Hep­dä­niň kä­bir gün­le­rinde ki­tap oka­mak üçin has köp wagt sarp edip bi­ler­si­ňiz.