Dün­ýä­niň iň gym­mat we kuw­wat­ly ulag­la­ry­ny ön­dür­ýän “Bu­gat­ti” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Chi­ron” mo­de­li bi­len tiz­lik re­kor­dy tä­ze­len­di. En­di Uol­le­siň do­lan­dy­ran ula­gy 490 km/s tiz­li­ge ýe­tip, dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­la­gy bol­dy. Fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ste­fan Win­kel­mann öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýe­ten­dik­le­ri­ni we mun­dan soň­ra tiz­lik re­kor­dy üçin sy­nag ge­çir­me­jek­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Ol “Bu­gat­ti”-niň mak­sa­dy­nyň sa­gat­da 480 km tiz­lik bi­len gid­ýän ula­gy ön­dür­mek­di­gi­ni, bu mak­sa­da ýe­ten­dik­le­ri­ni we mun­dan soň­ra baş­ga ugur­la­ra üns ber­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy. Tiz­lik re­kor­dy­ny go­ýan mo­de­liň 8 litr­lik 16 si­lindr­li mo­to­ry­nyň kuw­wa­ty 1500 at güý­jü­ne ba­ra­bar. De­ňeş­dir­mek üçin, “For­mu­la 1” ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ýan aw­tou­la­gla­ry­ň kuw­wa­ty or­ta­ça 900 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­ýar. “Chi­ron” mo­de­li 2017-nji ýy­lyň güý­zün­de Hu­an-Pab­lo Mon­to­ýa­nyň do­lan­dyr­ma­gy­nda baş­ga bir re­kor­dy hem go­ýup­dy. Ulag iň gys­ga wagt­da ýo­ka­ry tiz­li­ge ýe­tip, soň­ra-da iň gys­ga wagt­da dur­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len sy­nag­da sa­gat­da 400 km tiz­li­ge 32,6 se­kunt­da ýe­tip, 400 km/s tiz­lik­de bar­ýar­ka 9,36 se­kunt­da dur­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Şeý­le­lik­de, bu mo­del 0 km – 400 km – 0 km tiz­lik ara­ly­gy­ny ba­ry-ýo­gy 42 se­kunt­da, 3112 metr ara­lyk­da ýe­ri­ne ýe­tir­di. Em­ma bu re­kor­dy bir aý çe­me­si wagt­dan soň­ra “Koe­nig­segg” kom­pa­ni­ýa­synyň “Age­ra RS” mo­de­li tä­ze­le­di. “Age­ra RS”-iň gör­ke­zi­ji­si 36,44 se­kunt bo­lup­dy.
Mun­dan ozal­ky tiz­lik re­kor­dy hem “Koe­nig­segg” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ag­zal­ýan mo­de­li­ne de­giş­li­dir. Bu ulag 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len sy­nag­da 447 km/s tiz­li­ge ýet­me­gi ba­şa­ryp­dy.
Şeý­le hem 2010-njy ýyl­da “Bu­gat­ti Vey­ron Su­per Sport” mo­de­li 430,9 km/s tiz­lik bi­len he­re­ket edip, şol wagt­ky re­kor­dy go­ýup­dy. Tiz­lik re­kord­la­ry­ bu iki kom­pa­ni­ýa­dan baş­ga “Hen­nes­sey” we “SSC North Ame­rica” şe­re­ket­le­ri­niň mo­del­le­ri ta­ra­pyn­dan hem go­ýlup­dy.