Ýur­du­myz­da her ýy­lyň güýz pas­lynda bel­le­ni­lip ge­çil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň ýyl-ýyl­dan gül­läp ös­ýän­di­gi­ni, kuw­wat­ly, ab­raý­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda Wa­ta­ny­myz ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan ýurt hök­mün­de dün­ýä ýü­zün­de be­ýik yk­rar­na­ma­la­ra eýe bol­dy.
Her bir gü­ni ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän döw­rü­miz­de “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şygar ýur­du­my­zyň baş ýörelgesidir. Ýur­du­myz­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň başlangyjy bi­len gu­rul­ýan bi­na­lar, des­ga­lar yn­san dur­mu­şy­ny bag­ty­ýar­ly­ga we eş­re­te bes­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu il bäh­bit­li iş­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­kyň ar­zuw-is­le­gi­ni, bäh­bit­le­ri­ni hem­me zat­dan ile­ri tut­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, döw­re­bap teatr­lar, me­de­ni­ýet öý­le­ri, ki­tap­ha­na­la­r, mu­zeý­ler, ho­wa men­zil­le­ri, sport-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­la­r, de­mir we gara ýol­lar, mah­la­sy äh­li gurluşyklarda il bäh­bi­di göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Ýur­du­myz­da paý­tag­ty­myz bi­len bir­lik­de we­la­ýat mer­kez­le­rin­de gu­rul­ýan bi­na­lar­dyr des­ga­lar hem hä­zir­ki dö­wür­de Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýar. Or­ta Azi­ýa­nyň dür­dä­ne­si di­ýen be­lent ada my­na­syp bo­lan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bol­sa, bu gün­ki gün gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de öz­ger­di. Onuň aja­ýyp bi­na­la­ry­dyr des­ga­la­ry mil­li bi­na­gär­lik keş­bi, çe­per­çi­lik çöz­güt­le­ri bi­len Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da orun al­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da bel­leý­şi ýa­ly, bu gu­rul­ýan des­ga­la­ryň äh­li­si öz döw­rün­de türk­men­le­riň Wa­ta­na bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si­niň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar. Bi­ziň her bi­ri­miz şeý­le aja­ýyp bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de uly yk­rar­na­ma eýe bo­lan­dy­gy­na buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de hal­ky­my­zyň mil­li-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry döw­rü­mi­ziň ru­hy ýö­rel­ge­si bi­len saz­la­şyp, bu ugur­da uly iş­le­r edil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň ýö­red­ýän adyl hem yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, mil­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy ýo­ly, mil­li me­de­ni­ýe­ti be­lent de­re­je­de şöh­le­le­nip, türk­me­niň ady­ny älem iç­re ar­şa gö­ter­di. Şeý­le­lik­de, dün­ýä halk­la­ry Türk­me­nis­ta­ny ga­dy­my me­de­ni­ýe­te baý ýurt hök­mün­de ta­na­dy. Özü­niň ta­ry­hy we me­de­ni des­ga­la­ry bilen asyr­la­ra şa­ýat bo­lup otu­ran Ga­dy­my Mer­wiň, Kö­ne­ür­gen­jiň, Nu­sa­ýyň ýa­dy­gär­lik­le­ri ÝU­NES­KO-nyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Halk pa­ý­ha­sy­nyň dür­dä­ne­si bo­lan “Gö­rog­ly” şa­des­sa­ny we “Küşt­dep­di” aý­dym we tans des­su­ry ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na alyn­dy.
Ga­raş­syz­ly­gyň 28 ýy­lynyň için­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösdi. Mil­li Li­de­ri­mi­z ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len “Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň” dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­niň aý­dyň ýo­ly kes­git­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak, Wa­ta­ny, hal­ky söý­mek bagt­dyr” at­ly ki­ta­byn­da şeý­le jüm­le­ler bar: “Ga­raş­syz­ly­gyň il­kin­ji gün­le­rin­den Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy döw­let–sy­ýa­sy ül­ňü­si hök­mün­de se­çip al­dy. Bü­tin dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek BMG ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­mek hor­ma­ty­na my­na­syp bo­lan Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy ha­ky­kat­dan hem gud­rat­dyr”.
Türk­me­nis­ta­n Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­mak bi­len, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de öz­bo­luş­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­ler ga­zan­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hal­ka­ra dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry alyp bar­mak bi­len, dost-do­gan­lyk, goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de uly äh­mi­ýe­ti bo­lan ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi, ýur­duň örän uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty, jem­gy­ýet­çi­lik sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär we bu iş­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär.
Ga­raş­syz­lyk bag­ty­ýar hal­ky­my­za ýa­şa­ma­ga, dö­ret­mä­ge yl­ham­dyr hy­juw ber­ýär. Mu­ny her bir ugur­da zäh­met çek­ýän, oka­ýan, dö­red­ýän ra­ýat­lar­da gör­mek bol­ýar. Şo­nuň üçin hal­ky­myz eziz Wa­ta­ny­ny, ene top­ra­gy­ny, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­ny jan­dan sö­ýüp iş­le­ýär, ýa­şa­ýar, gur­ýar, dö­red­ýär. Bu iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz be­dew ba­dy bi­len tä­ze ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýar.
Goý, bu iş­le­riň göz­ba­şyn­da du­ran mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Ma­ýa ME­LÄ­ÝE­WA,
DIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň as­pi­ran­tu­ra bö­lü­mi­niň baş hü­när­me­ni.