Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň uludan toýlanylýan “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitler türkmen halkynyň göwünlerini galkyndyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap binalar, önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli pikirleri esasynda işlenip düzülen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” bilen güneşli Diýarymyz täze ösüş hem-de özgerişlikler ýoluna gadam basdy. Prezident Maksatnamasy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da belent sepgitlere çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyna hem uly itergi bolup hyzmat edýär. Şu Maksatnama esasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde iri göwrümli medeni hem-de durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna girişildi. Bu giň möçberli gurluşyklaryň ilkinjileriniň hatarynda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini görkezmek bolar. Bu merkez sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 10-njy aprelinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze nusgalyk şäheriň düýbi tutuldy. Golaýda milli Liderimiz “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky” taryhy Karara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerine hem-de halkymyz barada edýän aladalaryna buýsanyp ýaşaýan türkmen halky milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Yzgant şäherçesinde ýygnandylar. Bu ýerde guralan toý dabarasynda edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinip, ýurdumyzy täze rowaçlyklara alyp barýandygyny görmek bolýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk maksatnamalaryna hususy telekeçileriň hem gatnaşmagy buýsandyryjy wakalardyr. Olar milli Liderimiziň öňe sürýän milli binagärlik ýörelgelerini ulanmak bilen, öňdebaryjy usullar, sanly tehnologiýalar arkaly gurluşyk işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.
Ahal welaýatynyň täze hem-de döwrebap dolandyryş merkezi Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilýär. Bu şäher 70 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Bu ýerde iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, şeýle hem iki sany sungat mekdebi bina ediler. Iki sany Saglyk öýüniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, beýleki hassahanalaryň gurulmagy saglyk edaralarynyň giň ulgamyny döreder. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy önümçilik merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde, bitewi ulgamy emele getirer.
Türkmen halky üçin ähmiýetli bolan bu waka hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Goý, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Batyr Aşyrow,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.