Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nda döw­let sa­pa­ryn­da bol­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­li­ma Ýa­kob we ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Sýan Lun bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ iş­jeň­leş­dir­mek üçin oňaý­ly müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­mak, ikita­rap­la­ýyn bäh­bit­li, dost­luk­ly we deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek babatda yla­la­şyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň iri işe­wür­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şdy. Bu du­şu­şy­ga bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň, hal­ka­ra kor­po­ra­si­ýa­la­ryň we ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, ýag­ny “Pacıfic In­ter­na­tio­nal Li­nes Pte.Ltd.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, “The Develop­ment Bank of Sin­ga­po­re”, “In­do­ra­ma Corpоra­ti­on” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, “DP Archi­tects”, “Fort­rec Che­micals and Pet­ro­le­um Pte.Ltd.”, “The As­socation of Banks in Sin­ga­po­re”, “PSA In­ter­na­tio­nal”, “Sur­ba­na Ju­rong” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem-de Te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça agent­li­giň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dylar. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ne­bit­gaz we ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, ulag we lo­gis­ti­ka, ma­li­ýe we bank, de­ňiz port­la­ry­ny do­lan­dyr­mak, şä­her­gur­lu­şyk ul­gam­la­ryn­da hem-de beý­le­ki mö­hüm ul­gam­lar­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy we iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 12-si­ne gol çe­kil­di.
Ikita­rap­la­ýyn bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň my­sa­ly hök­mün­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sa­pa­ry­nyň öň ­ýa­nyn­da, “GP Glo­bal Equip­ment Pte.Ltd” sin­ga­pur kom­pa­ni­ýa­sy bi­len gaz gy­sy­jy des­ga­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony gur­mak ba­bat­da ga­za­ny­lan yla­la­şy­gy bel­le­mek bo­lar. Bu des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­na 2019-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da gi­riş­mek hem-de 2022-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da ony ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu önüm­çi­lik kär­ha­na­sy mer­ke­zi Ga­ra­gum­da­ky gaz­kon­den­sat kän­ler top­lu­my­nyň Zäk­li – Der­we­ze gaz aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryn­da ýer­le­şer. Onuň ýyl­lyk kuw­wa­ty 2 mil­liard kub metr ga­za deň bo­lar.
Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň ta­ry­hy­na se­ret­sek, 1965-nji ýy­lyň 9-njy aw­gus­tyn­da ga­raş­syz­ly­gy­ny yg­lan et­di. Sin­ga­pur agyz su­wu­ny we beýleki önümleriň aglabasyny baş­ga ýurt­lar­dan im­port ed­ýän döw­let bo­lup­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ge­çi­ri­len yk­dy­sa­dy, bi­lim we hu­kuk re­for­ma­la­ryň hem-de ma­ýa­dar­la­ryň yna­my­ny ödäp da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­r­lan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, Sin­ga­pur hä­zir­ki wagt­da ösen ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­lan we je­mi içer­ki önü­miň ilat ba­şy­na düş­ýän pa­ýy bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na gir­di. Bu ýur­duň gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne ýet­me­gi “Gün­do­gar Azi­ýa gap­la­ňy­nyň” ça­la­syn he­re­ke­ti­ne meň­ze­di­lip, “Sin­ga­pur yk­dy­sa­dy gud­ra­ty” ady­na eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan bi­len Sin­ga­pu­ryň ara­sy ge­og­ra­fi­ki taý­dan uzak bol­sa-da, adam ma­ýa­sy­nyň we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­niň yzy­gi­der­li we do­wam­ly art­dy­ryl­ma­gyn­da bir-bi­ri­ne meň­zeş­dir. Türk­me­nis­tanda yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­niň dep­gi­ni 6-7 gö­te­rim de­re­je­sin­de sak­la­nyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­si bi­len al­nyp ba­ryl­ýan tä­ze­çil ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy, ulag we lo­gis­ti­ka, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ug­run­da­ky sy­ýa­sat­la­ry hem-de dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk­ly, ikita­rap­la­ýyn bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ň gi­ňeldil­me­gi ro­waç­ly gel­je­gi­miziň ke­pi­li bo­lup dur­ýar.