Germaniýada welosipedlere bagyşlanyp geçirilen “Eurobike 2019” sergisinde iki tigirli täsin ulag hödürlendi. “Bianchi E-SUV” atly welosipediň üç modeli bar – “E-SUV Racer”, “E-SUV Rally” we “E-SUV Adventure”. Olaryň ählisi hem berk we ýeňil bolmagy bilen tapawutlanýar. Welosipedler batareýaly hereketlendirijilerden güýç alýar. Ululygy boýunça üç görnüşi bolan welosipedlerden “E-SUV Racer” ýaryş maksady bilen öndürilipdir. Ol ýolsuz ýerlerde hem sürmek üçin amatly. “E-SUV Rally” modelini hem dürli ýol şertlerinde sürüp bolýar. “E-SUV Adventure” bolsa, gündelik durmuşda ulag hökmünde hem-de tebigy ýerlere gezelenç edilende sürmäge niýetlenipdir. Adaty pedallary hem bolan modelleriň güýçli duruzyjy ulgamy bar. Ulaglaryň indiki ýyldan başlap satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.