Awtoulag senagatynda esasy çäreleriň biri hasaplanýan Frankfurt halkara awtoulag sergisi 12-nji sentýabrda myhmanlaryny kabul edip başlady. Aýyň 22-sine çenli dowam etjek sergä iri awtoulag öndürijileriň käbiri gatnaşmasa-da, täze modelleriň birnäçesi görkezildi. Sergide awtoulaglar bilen bir hatarda täze tehnologiýalar hem tanyşdyryldy. Serginiň öň ýanynda “Volkswagen ID.3” modeliniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu model dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijisiniň ilkinji elektrokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem nemes kompaniýasy täzelenen logosyny ilkinji gezek bu ulaga oturtdy. Täze logo geljekde has hem ýaýbaňlanjak elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary alamatlandyrýar. BMW kompaniýasy bolsa, “M Division” atly nusgalyk modellerini görkezdi. Bu awtoulaglar brendiň geljekde nähili maşynlary çykarjakdygy barada pikir berýär. Kompaniýa sergide häzirki wagtda satuwda bolan ähli modelleriniň gibrid nusgalaryny hem görkezdi.
Nemes awtoulagy diýlende ilkinji göz öňüňe gelýän brendleriň biri bolan “Mercedes” öz perronynda “S” seriýasynyň elektrik energiýaly görnüşi bolan EQS modelini tanyşdyrdy. Bu awtoulagyň “Mercedes”-iň iň gowy modeli boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem kompaniýa GLB, A 35 AMG, CLA 35 AMG, GLC we “GLC Coupe” ýaly modellerini köpçülige görkezdi. Bulardan başga-da A we B seriýasynyň gibrid görnüşlerini görkezdi.
“Volkswagen” toparyna degişli bolan “Audi” täze “RS 7” we “RS 6” modelleri bilen bir hatarda nusgalyk modeli “Al:Trail” maşynyny sergä getiripdir.
Hindistanyň iri awtoulag öndüriji kompaniýasy TATA-nyň garamagyndaky “Jaguar Land Rover” şereketi “Defender” modelini sergä getiripdir. Bu model birnäçe ýylyň dowamynda uly islegden peýdalanan ýolsuz ýerden ýöreýän “Defender”-iň tehnologiýa babatda has kämilleşdirilen görnüşidir. “Defender” modeli “Land Rover”-iň 1980-nji ýyllardan bäri öndürýän ulagy bolup, iň gowy jipleriň biri hasaplanýar. Indiki ýylyň başynda satuwa çykaryljak 5+2 orunlyk ulagyň içi giňligi bilen tapawutlanýar. Ulagyň kuwwaty 300 at güýjüne barabar, motorynyň göwrümi 2.0 litrlik hem-de 400 at güýçli, 3.0 litrlik görnüşleri bar. 1978-nji ýylda esaslandyrylan iňlis brendi 2008-nji ýylda Hindistanyň TATA kompaniýasy tarapyndan satyn alnypdy.
“Ford” kompaniýasy bolsa, Frankfurta “Puma” modelini getiripdir. 2020-nji ýylda satuwa çykaryljak ulag, esasan, Ýewropa bazaryna niýetlenipdir. Şeýle hem amerikan kompaniýasy “Tourneo Custom” gibrid modelini görkezdi.
Kuwwatly we ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Lamborghini” ilkinji gibrid ulagy bolan “Sian” modelini görkezdi. Bu ulag kompaniýanyň häzire çenli öndüren köpçülige niýetlenen iň kuwwatly ulagydyr. Onuň kuwwaty 819 at güýjüne barabar.
Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy hem özüniň täze “i10!” modelini köpçüligiň dykgatyna hödürledi. Türkiýede öndüriljek model Ýewropa bazarynda satylar. Şeýle hem “Hyundai 45” nusgalyk ulagy myhmanlaryň ünsüni çekdi. Ulag kompaniýanyň 45 ýyllyk tejribesine ünsi çekmek üçin şeýle atlandyrylypdyr. Bu model kompaniýanyň 1974-nji ýylda önümçiligi ýola goýlan “Pony Coupe” modeline meňzeýär. Ulagyň içki dizaýny bolsa, geljekde sürüjisiz ulaglaryň işlenip düzülmegi hem göz öňünde tutulyp, has giň edilipdir. Bu model kompaniýanyň ilkinji elektrokary däl. Şu ýylyň başynda koreý brendiniň “Kona SUV” atly elektrokary satuwa çykarylypdy.
Ispan brendi “Seat” bolsa, “Tarraco” atly gibrid SUV modelini hem-de “Tavascan” elektrokaryny tanyşdyrdy. Ulag 6,5 sekuntda 100 km/s tizlige ýetýär. Bir gezekki zarýady bilen 450 km ýol geçýän elektrokaryň kuwwaty 306 at güýjüne barabar. “Škoda” kompaniýasy hem gibrid we elektrokar modellerini sergä getiripdir.
Köp ýyllaryň dowamynda millionlarçasy öndürilen MINI modeliniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi bolan “Mini Cooper SE” hem myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ulagyň satuwynyň ýokary bolmagyna garaşýarlar. Häzirki wagtda BMW-niň garamagyndaky MINI brendiniň bu ulagy indiki ýylyň başynda öndürilip başlanar. Bu ulag bir gezekki zarýady bilen 235-270 km aralygynda ýol geçer. Kuwwaty 181 at güýjüne barabar bolan kiçijik modeliň batareýasynyň 80 göterime çenli zarýad almagy üçin 2,5 sagat ýeterlik. Ulagyň içi dizaýn edilende, tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanylypdyr. Eýýäm, bu ulagdan 45 müň sanysynyň sargyt edilendigi mälim edildi. Model Germaniýada 32500 ýewrodan, Angliýada 27900 funt sterlingden satylar.
Fransuz awtoulag ägirdi “Renault” bolsa Frankfurta “B-SUV” klasyna degişli “Captur” modeliniň täze nusgasyny getiripdir. Ol özünden uly “dogany” “Clio”-nyň dizaýn we tehnologiýa babatda düýpgöter täzelenen görnüşidir. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Týierri Bollore bu modeliň indiki ýyldan başlap, zarýad berip bolýan (plug-in) gibrid modelini hem satuwa çykarjakdyklaryny aýdýar.
Hytaýyň elektrokar öndüriji “Byton” şereketi “M-Byte SUV” atly ulagyny köpçülige görkezdi. Indiki ýylyň tomsunda hytaý bazaryna hödürlenjek “M-Byte SUV” Ýewropa we amerikan bazaryna bir ýyl giç barar. Hytaý şereketiniň ýolbaşçylary has elýeterli bahadan elektrokar satmagy maksat edinýärler. Bir gezekki zarýady bilen 360 km ýol geçýän ulagda bu görkeziji 460 km-e ýetiriler. Ulagyň Ýewropadaky bahasynyň 45000 ýewro bolmagyna garaşylýar.