Italiýanyň Piza şäherindäki Piza diňiniň depesine çenli 293 basgançagy bar. Gurlup gutarylan wagtyndan başlap gapdala egilip ugran täsin binanyň 6 sütünli gaty bolup, belentligi 56 metre barabar.
Ýer ýüzüniň ondan bir bölegi buzluklar bilen örtülendir.
Ýuwaş ummanyndaky Uly barýer rifini kosmosdan hem görmek bolýar. Şeýle hem bu merjen rifi dünýäniň iň giň bitewi gurluşly janly organizmi hasaplanýar.
Perunyň pul birligi bolan “sol” ispança Gün diýmegi aňladýar.
Ýedi milliarda çenli sanamak üçin 200 ýyl çemesi wagt gerek.
Dünýädäki ummandyr deňizlerde kitleriň 440 töweregi görnüşi ýaşaýar.
Agaçlar diňe howany arassalaman, eýsem, galmagaly hem özüne çekip, saglyk üçin hem peýdalydyr.
Bir kagyzy 42 gezek epleseň, onuň galyňlygy Aýa ýetjek derejede bolýar. Kagyzy iki eplänimizde onuň galyňlygy iki esse artýar. Kagyzy 23 gezek epleseň, ol 1 kilometre ýeter. 30 gezek eplenende bolsa, 100 müň kilometr bolar. Emma kagyzy adatça, ýedi gezekden köp epläp bolmaýar. Şeýle hem bolsa, bu ugurdaky rekord 12 gezekdir.
Ýer ýüzünde otlaryň 600 müňden gowrak görnüşi bar.