10-njy sent­ýabr­da dün­ýä bel­li ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sti­wen Kin­giň “Ins­ti­tut” at­ly tä­ze romany iň­lis di­lin­de öz oky­jy­la­ry­na go­wuş­dy. Ki­tap­da ene-ata­syn­dan jy­da dü­şen Lýuk El­lis at­ly 12 ýaş­ly og­lan­jy­gyň ba­şyn­dan ge­çi­ren kyn­çy­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Eser­dä­ki wa­ka­lar­da ha­ýyr bi­len şe­riň gap­ma-gar­şy­ly­gy ör­bo­ýu­na gal­ýar.
Ýa­zy­jy bu ro­ma­ny ba­ra­da ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da mä­lim edip­di. Fan­tast ýa­zy­jy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň köp san­ly muş­dak­la­ry eý­ýäm bir­nä­çe aý­dan bä­ri ro­ma­nyň ne­şir edi­le­ri­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyp gel­ýär­di­ler.
“Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, “Ins­ti­tut” sa­ny bo­ýun­ça öňün­den sar­gyt edil­ýän ki­tap­la­ryň on­lu­gy­na gir­di.
Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sti­wen King 1947-nji ýy­lyň 21-nji sent­ýab­ryn­da ABŞ-nyň Men şta­ty­nyň Port­len şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. King gor­ku­ly, tril­ler, fan­tas­ti­ka, fen­te­zi, mis­ti­ka we dra­ma ýa­ly dür­li žanr­lar­da iş­le­ýän ýa­zy­jy­dyr. Dün­ýä­de onuň 350 mil­li­on nus­ga­dan gow­rak ki­tap­la­ry sa­tyl­dy. Ola­ryň kä­bi­ri bol­sa, ek­ran­laş­dy­ryl­dy. King özü­niň Ri­çard Bah­man la­ka­my bi­len 60-a go­laý ro­ma­ny­ny we yl­my-po­pul­ýar ki­tap­la­ry­ny ne­şir et­dir­di. Şeý­le hem ol 200-den gow­rak he­ka­ýa ýaz­dy.