Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugrudyr, munuň özi ýurdumyzda azyk
bolçulygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda, hususan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu pudakda döwrebap özgertmeler amala aşyryldy. Şol düýpli özgertmeler maksatnamalarynyň netijesinde, obasenagat pudagynda gazanylan üstünliklere ser salalyň:
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen köpugurly özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň nobatdaky tapgyry badalga aldy.