Oba ho­ja­ly­gyn­da­ky düýp­li öz­gert­me­ler

84

Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugrudyr, munuň özi ýurdumyzda azyk
bolçulygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da, hu­su­san-da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bu pu­dak­da döw­re­bap öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şol düýp­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, oba­se­na­gat pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re ser sa­la­lyň:
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019–2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” ka­bul edil­me­gi bi­len kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­riň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň, şol san­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň no­bat­da­ky tap­gy­ry ba­dal­ga al­dy.