25-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Her ýyl ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my – Ga­raş­syz­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän äh­lu­mu­my fo­ru­myň şu ge­zek­ki mej­li­sin­de ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li mö­hüm we­zi­pe­ler, hal­ky­my­zyň aba­dan we bagt­ly dur­mu­şy­ny hem-de hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän düýp­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ri­len Halk mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy, ru­hy-me­de­ni ösü­şi­ne özü­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýan il­deş­le­ri­miz, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mil­li Li­de­ri­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de özü­niň ta­ry­hy çy­ky­şy­ny ama­la aşyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da 2019-njy ýyl­da ýur­du­myz­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri bel­läp geç­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeýle hem ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, ýag­ny ne­bit­gaz hem-de ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge de­giş­li iş­le­riň has-da giň ge­ri­me eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Mil­li Li­de­ri­miz san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­nyň işi­niň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi ug­run­da ta­gal­la­la­ryň güýç­len­di­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Ak­sol­tan Ata­ýe­wa hem-de Türk­me­nis­tan­da dog­lan, rus­si­ýa­ly kos­mo­nawt Oleg Ko­no­nen­ko “Al­tyn Aý” me­da­ly hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny” di­ýen be­lent at bi­len sy­lag­lan­dy.