Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2016-njy ýylyň alty aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi muny nobatdaky sapar bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Mejlisde ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň oňyn depginde saklanýandygynyň beýan edilendigini guwanç bilen bellemelidiris. Munuň özi soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy bolmak bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlar babatda okgunly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar.
Mejlisde bedew bady bilen öňe ilerleýän ýurdumyzda ýylyň alty aýynyň dowamynda beýleki degişli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk toplumynda hem ýokary ösüşler gazanylandygy bellenildi. Ýanwar-iýun aýlarynyň dowamynda gök önümleriň önümçiliginiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 39, 4 göterim, ýeralmanyň öndürilişi 45,9 göterime golaý artandygy, bakja önümleri 3 esse ýokarlanandygy, maldarçylyk pudagynda hem ýokary depginleriň gazanylýandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda ýurdumyzyň gallaçylarynyň ýeten ýokary üstünligi aýratyn guwandyryjydyr. Edermen babadaýhanlar Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Edermen daýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip, ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde, öndürilen bol galla hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz giňeldilen mejlisde eden çykyşynda bu we beýleki degişli ugurlar barada ýörite durup geçmek bilen, şeýle diýdi: “Galla oragy tamamlandy. Ýygnalan dänäniň möçberi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Biz özümizden artýan dänäni bolsa, daşarky bazarlarda ýerläris”.
Görnüşi ýaly, iri möçberli özgertmeler netijesinde, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylýan işler ýokary üstünliklere beslenip, azyk howpsuzlygy berkidilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň boz toprakly meýdanlarynda pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek işleri gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Halkymyzyň rysgal döwletiniň aýrylmaz bölegi bolan pagtaçylyk pudagy ýyl-ýyldan öz gerimini giňeldip, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, öz çeken halal zähmetiniň hözirli durmuşy bilen üpjün bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagy möhüm wezipeleriň hataryna goşmak bilen: “Ekin meýdanlarynda gowaçanyň hem bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyz üçin pagtanyň örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny nazara alyp, häzirki döwürde zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli. Gowaçadan ýokary hasyl almak üçin tehnikalary ýygym möwsümine häzirden gowy taýýarlamaly” diýip, geljegi uly bolan pudagy oňyn özgertmelere eýe etmegiň zerurdygyny belledi.
Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzda hususy eýeçilik işini ýaýbaňlandyrmak möhüm orny eýeleýär. Zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan telekeçilik işleri ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem giň gerim bilen ýaýbaňlanýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy eýeçiligi ösdürmäge uly üns berilýändigini aýratyn belläp geçmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksadyna eýerip, ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige ýa-da uzak möhletleýin kärendä bermek baradaky zerur kanunçylyk namalary taýýarlamagy tabşyrdy. Munuň özi geljekde ýeriň hakyky eýeleri bolan daýhanlaryň ýerden bol hasyl almagy, döwletli ojaklarynyň rysgal-berekedini artdyrmagy üçin giň mümkinçilikler berer. Döwlet tarapyndan edilýän goldawyň netijesinde, ak bugdaýyň, ak pagtanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdiriler. Gahryman Arkadagymyzyň bu çözgütleri oba hojalyk pudagynyň düzüminde asylly zähmet çekýän zähmetsöýer işgärleriň, öz ykbalyny ene ýere, onuň gülläp ösmegine baglan daýhanlaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýar. Olaryň halal zähmet çekmek, bol hasyl alyp, Watanymyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşmak isleglerini artdyrýar. Bu mümkinçilikler üçin babadaýhanlaryň Arkadag Prezidentimize bolan alkyşlary egsilmezdir.
Hormatly Prezidentimiziň geljek 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyplaryň we diňleýjileriň haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky Permany şeýle işleriň beýanydyr. Hawa, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň alys geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlarynyň netijesinde ösýän, özgerýän ýurdumyzda döwlet berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň kämil derejesi üpjün edilýär.
Goý, ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyza sarpaly zähmetiniň rähnetini görüp ýaşamaga mümkinçilikleri döredýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.