Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde giň göwrümli işler amala aşyrylýar.
Belent Serkerdebaşymyzyň “Döwlet guşy” romany, “Türkmen medeniýeti”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Mertler Watany beýgeldýär” kitaplary we beýleki her bir eseri ynsanlarda ene topraga tagzym, mähriban Diýara yhlas, birek-birege hormat, Watana wepalylyk ýaly asylly ruhy terbiýeleýär. Milli däp-dessurlarymyz berjaý edilende hem ata-baba dowam edip gelýän ýagşy häsiýetler halkymyzyň hemrasy. Elbetde, şol ruhda kämil terbiýe alan nesil kämillige ýetýär.
Belent Serkerdebaşymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly ajaýyp eseriniň “Gerçek gaýraty deý belentdir tugum” atly bölüminde “Tug her bir döwürde hem döwletliligiň alamatydyr. Tugy bar kişi mertebelidir. Tug döwletlilik, şan-şöhratdyr” diýip, örän jaýdar bellenilýär. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän Belent Serkerdebaşymyzyň ajaýyp paýhasa beslenen setirlerinde ýurt goragynyň näderejede mukaddeslikdigi, oňa gulluk etmegiň belent mertebedigi harby kasama ygrarlylygyň, wepalylygyň, akýürekliligiň, mertligiň, gaýduwsuzlygyň, ula hormat goýup, kiçini söýmegiň, harby durmuş bilen ýakynlygyň, bedew ata atlanyp, pederleriň ýörelgelerine uýmagyň türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetlerdigi nygtalýar. Belent Serkerdebaşymyzyň hut özi watan goragçylaryna Watana wepalylygyň ajaýyp göreldesini görkezýär.
Baýdak islendik döwürde halkymyzyň döwletliligini, milletimiziň bitewiligini alamatlandyrýan milliligimiziň nyşanlarynyň biri bolupdyr. Harby bölümiň söweşjeň baýdagy diýlen düşünje hem pederlerimiziň milli häsiýetleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegidir. Ata-babalarymyz Tugy her kese ynanmandyrlar. Çünki milletiň buýsanjy ynanylan baýdak göteriji kän-kän synaglardan geçmeli bolupdyr. Munuň özi baýdagyň örän mukaddesliginden gelip çykýar. Söweş wagtynda baýdak göteriji ähli esgerlere görner ýaly ýerde bolupdyr. Iň batyr, edermen urşujylar tugdarlaryň golaýynda ýerleşdirilipdir. Sebäbi duşman baýdak göterijini ýykmak üçin jan çekipdir. Tug göteriji hem tugy serkerdäni goran ýaly gorapdyrlar. Hut şonuň üçin hem harby bölümiň bütin şahsy düzümi – Alp Arslan ýaly merdana pederlerimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dowamatlary bolan harby gullukçylarymyz Tugy başlarynyň täji hasaplaýarlar. Özleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny olar gözleriniň göreji ýaly goraýarlar.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge gelen esgerler ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny gözleriniň göreji deýin gorajakdygyna ynamyň ygtybarly alamaty hökmünde mukaddes Tuga tagzym edýärler. Milli mukaddeslikleriň öňünde baş egmek, eziz Watan üçin baş goýan mähriban topragymyzy goraýjy gaýduwsyz ata-babalarymyzyň-milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmegi aňladýar. Halkymyzyň beýik gymmatlyk we mukaddeslik hasaplaýan tuguna uly sarpa bilen tagzym etmek köp asyrlyk däplerinden miras galan belent maksatlara ygrarlydygyny aýdyň subut edýär.
Taryhda gadymy Oguz ýaýlasyna eýe çykmak islän duşmana berk gaýtawul beren, Tug saklan gollaryna tyg salynsa-da, ony dişleri bilen saklap syndyrmadyk, iň soňky güýjüne çenli duşman bilen döwüşen oguz gerçekleri hakyndaky rowaýat halkymyzyň gahrymançylykly hakyda gözbaşynyň synmazlygydyr.
Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ýöredýän ynsanperwerlik, parahatçylyk, asudalyk ýörelgelerini bütin dünýä ýaýýar. Ol dünýäde parahatçylygyň daýanjy hökmünde tanalýan türkmen döwletiniň berkararlyk ýörelgelerini dünýä ýaýýar, goja Zeminiň halklaryny dostluga, doganlyga, jebislige çagyrýar.
Türkmen halkymyzyň milliligini özünde jemleýän ýaşyl baýdagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşleriň we ebedi ynamyň nyşanydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhy ýolunda döwlet we harby baýdaklarynyň türkmen milleti üçin näderejede gymmatynyň bolandygyny we şol baýdaklaryň astynda ençeme gahrymançylykly wakalary başdan geçiren halkyň şeýle paýhasa we hormata mynasypdygy her bir ýaş nesliň Watana bolan buýsanjyny, söýgüsini berkidip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Halkymyzyň parahat ýaşamagy, bagtyýar geljegi, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň kepili bolup, arassa asmanyň astynda, parahat ýurdumyzyň üstünde baky parlasyn!
Şamyrat Kürräýew,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri
boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlygy
boýunça serkerdesi.