Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkymyzyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “Watanymda han idim, hanlara perman idim” diýen setirleri bar. Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan arkadaşlarymyz bilen Garaşsyzlyk döwründe gatnaşyklaryň açylmagyny hem ilkinji we wajyp mysallaryň biri hökmünde aýdyp bileris. Çünki ýat illerde Watan zaryny çekip, eziz iliň, dogduk topragyň mukaddes ysyna suwsan doganlarymyza ata Watanlaryna gelip görmek bagtynyň berilmegi, iňňän sogap işleriň biridir. Dünýä türkmenleri diýlende ilki bilen ata-baba gany bir, asly bir arkadaşlarymyzyň nurana hem mähirli garaýyşlary göz öňüňde janlanýar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk toýuna dünýäniň ähli künjeginden diýen ýaly myhmanlar geldi. Dünýä ýüzüne ýaýran arkadaşlarymyzy bir saçagyň başyna jemleýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahaty bolsa, türkmeniň uly baýramynyň geňeş toýuna meňzeýär. Maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň gutlag ibermegi, dünýä türkmenleriniň göwün guşuny göge göterdi. Sebäbi Türkmenistanda bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanmagy, diňe bir öz raýatlarymyza däl, eýsem, dünýä türkmenleriniň hem ykbalyna düýpli täsir etdi. Ajaýyp döwrümizde yurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, türkmenistanlylar bilen bir hatarda tutuş dünýä türkmenleri hem guwanýarlar. Bu barada milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda şeýle diýýär: “Mähriban halkymyzyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň döretmäge bolan hyjuwy, gurmaga bolan güýji, beýik geljegimize bolan uly ynamy bilen ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys”.
Türkmen halky üçin Watandan eziz zat ýok. Ene topragyň mertebesini depesine täç edinýän halkymyz bu mähriban ýurdy “Başlarymyzyň täji, gözlerimiziň nury” diýip söýgüläpdir. Garajaoglan ýaly ussatlarymyz bolsa, ýat illerde Watan mährine zar bolup: “Gadyrly-gymmatly ile gideli” diýen ýaly ajaýyp setirlerini ýazyp, waspyna aýdym döredip, şan-şöhratyny paýhas dürleri bilen mynasyp taryplamagy başarypdyr. Rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: “Soltan Jelaleddin söweşde agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddiniň tenine düşen ýaralaryň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipler dürli görnüşli melhemler ulanypdyrlar, emma netije bermändir. Ahyry Soltanyň özi: “Maňa öz topragymyň gumuny we Jeýhunyň suwuny getiriň! Watan topragy ähli derde dermandyr, melhemdir” diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny alyp, suwuny içenden soňra, Soltanyň ýagdaýy görnetin gowulanyp başlapdyr. Tiz wagtdan hem derdinden gutulypdyr.
Arkadaşlarymyzyň hersi öz ýaşaýan ýerlerinde abraýly kärleriň eýeleri hasaplanýarlar. Olaryň kimsi zawod-fabrikli bolsa, kimleri uly ýer eýeleri. Ýöne bolçulykda ýaşaýandyklaryna garamazdan, olaryň ýürekleri ata Watany küýseýär. Olar ömürboýy Garagumuň bir penje mele çägesini maňlaýyna togap etmegiň, Hazaryň joş urýan mawy suwunda gulaçlamagyň, däli Jeýhunyň şerbet suwundan teşne kalplary gandyrmagyň arzuwynda ýasaýarlar. Geçmişde danalarymyz, akyldarlarymyz “Watan maşgaladan başlanýar” diýipdirler. Çünki Watana söýgi ene-ataňa bolan söýgüden başlanýar ekeni. Biz munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” atly ajaýyp romanynda ýaşajyk Mälikgulynyň:
Şuny mydam ýatda saklaň, dostlarym,
Ýürekleň buýsanjy Watandyr, Watan!
Watana sežde etmek hökman, dostlarym,
Pederleň daýanjy Watandyr, Watan!
– diýen bendiniň üsti bilen hem Aý dogan dek, aýdyň duýup bilýäris.
“Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýen pähimden ugur alyp, Watanynyň şanly geçmişine guwanýan, şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyz onuň abraý-derejesiniň rowaç geljege sary dowam bolmagy üçin zähmet çekýärler, ýurdumyzyň ýeten belent derejelerini wasp edýärler. Şonuň üçin sözümiň soňuny Gahryman Arkadagymyzyň “Goý, biziň ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin!” diýen päk arzuwlaryna goşulmak bilen jemlemek isleýärin. Goý, “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly şygar bilen geçýän ajaýyp ýylymyz agzybir we dörediji halkymyza şowlulyklary, uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirsin!
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Daşoguz welaýat birleşmesiniň
pudaklar boýunça
utgaşdyryjysy.