Her ýylyň 1-nji oktýabrynda güneşli Diýarymyzda Ýaşulularyň Halkara güni dabaraly bellenilip geçirilýär. Bu baýramçylygyň bellenilip geçilmegi, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly nesle jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda hem mynasyp orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşulular barada uly alada edilýär. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesinden ugur alnyp, döwlet tarapyndan ýurdumyzda ýaşuly nesliň durmuş taýdan goralmagyna aýratyn üns berilýär. Pensionerleriň, uruş we zähmet weteranlarynyň durmuş taýdan goralmagyna we olara goldaw berilmegine gönükdirilen çäreleriň giň toplumy göz öňünde tutulandyr. Her ýyl ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylýar.
“Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr” diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde üns berilýär. Ýurdumyzyň çar künjegindäki dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda, ilkinji nobatda, ýaşuly nesillerimize ýokary derejede hyzmat edilýär.
Ýaşulular pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda döwletli işleriň başy başlananda türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgelerine eýerilip, dili senaly ýaşulularymyza maslahat salynýar. Ýurdumyzda her ýyl baş döwlet baýramymyz – mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňýanynda Halk Maslahaty geçirilýär. Türkmen halky hemişe ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, baý durmuş tejribesine bil baglap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek babatda alyp barýan ýadawsyz işleriniň netijesinde, häzir bu asylly ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny tapýar. Baý durmuş tejribesi bolan parasatly ýaşulularymyzyň, şeýle hem maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň öwüt-ündewleri Watanyny ýürekden söýýän ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmekde özboluşly mekdepdir.
Kerkawgeldi BAGABEKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.