“Hy­un­dai” kom­pa­ni­ýa­sy uç­ýan aw­tou­lag­la­ry iş­läp düz­mä­ge gi­riş­di. Tä­ze tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tä­ze to­par dö­re­di­lip, oňa NA­SA-da bir­nä­çe ýyl zäh­met çe­ken Jaý­won Şin ýol­baş­çy­lyk edýär. Şin gel­jek 20 ýy­lyň do­wa­myn­da şä­her­le­riň ho­wa he­re­ke­tin­de tä­sir­li bol­jak tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­jak­dyk­la­ry­ny bel­le­di. “Ur­ban Air Mo­bi­li­ty Division” at­ly bö­lüm uç­ýan aw­tou­lag­la­ra de­giş­li giň möç­ber­li teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp dü­zer.
Bi­ler­men­ler uç­ýan aw­tou­lag­la­ryň he­re­ket edip bil­me­gi üçin, di­ňe ola­ryň ön­dü­ril­me­gi­niň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni, ola­ryň he­re­ke­ti­ni saz­la­jak inf­rast­ruk­tu­ra­nyň hem ze­rur­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Şeý­le hem gel­jek 20 ýyl­da uç­ýan aw­tou­lag pu­da­gy­nyň pul do­la­ny­şy­gy 2 tril­li­on dol­la­ra ýet­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Şol se­bäp­li, uç­ýan gat­naw se­riş­de­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da “Boeing” we “Air­bus” ýa­ly uçar kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag brend­le­ri hem tas­la­ma taý­ýar­la­ýar. “Hy­un­dai” aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lup, her ýyl hil stan­dart­la­ry­ny beý­geld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, elekt­ro­kar­la­ry iş­läp düz­ýär.