Soň­ky ýyl­lar­da kos­mos sy­ýa­hat­çy­ly­gy­na hem is­leg ýo­kar­lan­ýar. Hä­zi­re çen­li san­ly­ja adam sy­ýa­hat­çy hök­mün­de at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­kyp gör­di. Em­ma sy­ýa­hat­çy gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­nen dür­li kos­mos gä­mi­le­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan hem bol­sa, köp­çü­lik­le­ýin sy­ýa­hat ýo­la go­ýul­ma­dy. Ýe­riň dar­tyş güý­ji bo­lan uly möç­ber­li il­kin­ji kos­mos myh­man­ha­na­sy­nyň 2025-nji ýyla çenli gu­rul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 400 orun­lyk myh­man­ha­na­da aş­ha­na, res­to­ran we ki­no­teatr ýa­ly äh­li amat­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lar. “Ga­te­way Fo­un­da­ti­on” gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan myh­man­ha­na ne­mes aly­my Wer­ner fon Brau­nyň ady da­kyl­dy. Myh­man­ha­na iç­ki we daş­ky hal­ka­dan yba­rat bo­lup, ola­ryň he­re­ket et­me­gi bi­len eme­li gra­wi­ta­si­ýa dö­re­di­ler. Onuň gur­lu­şy­gy üçin Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­di­niň gur­lu­şy­gyn­da­ky teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lar. Myh­man­ha­na­da 24 sa­ny kap­su­la bo­lup, ola­ryň kä­bir­le­rin­de myh­man­lar dynç alar, kä­bir­le­ri bol­sa, kos­mos eda­ra­la­ry­na kä­ren­de­si­ne ber­ler. Bu myh­man­ha­na her hep­de or­ta­ça 100 sy­ýa­hat­çy ba­rar.