Optiki süýümli geçirijiler arkaly hödürlenýän internet hyzmaty mobil enjamlara berilýän internetden has ýokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Sebäbi mobil enjamlar aragatnaşygy antennalar arkaly kabul edýär. Emma käbir ilatly ýerlere optiki süýümli internet tory düşemek has kyn bolýar. Sebäbi, ilatly nokadyň geografik ýerleşişi, landşafty, beýleki medeni zolaga uzaklygy ýaly sebäpler optiki geçirijili infrastrukturany döretmäge päsgelçilik döredýär. Şol sebäpli, hünärmenler howa arkaly ýokary tizlikli internet hyzmatyny ýola goýmagyň aladasyny edýärler. “Huawei” kompaniýasynyň “WTTx” atly tehnologiýasy bu meseläni aradan aýyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda bu tehnologiýa arkaly dünýäniň 200-den gowrak GSM operatory 50 million öýi ýokary tizlikli internet bilen üpjün edipdir. “Howa süýümi” diýlip atlandyrylýan “WTTx” tehnologiýasy 4,5G baza beketleri arkaly işleýär. Ulgamy elektrik energiýasy bolan islendik ýerde gurnap bolýar. Şeýlelikde, geçiriji çekmek kyn ýa-da gymmat düşjek ýerler ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilýär. Şeýle hem bu ulgamy 24 sagadyň dowamynda işe girizmek mümkin. Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň 2 milliardy üçin internet elýeterli däl. Bu tehnologiýa arkaly internetiň has hem ýaýbaňlandyrylmagy maksat edinilýär.