Sürüjisiz ulaglaryny güýçli depginler bilen kämilleşdirmegini dowam etdirýän “Mercedes” awtobusyň özbaşdak hereket edip bilýän görnüşini çykardy. “CityPilot” atly awtobus şäheriň içinde jemgyýetçilik gatnawyny amala aşyrmaga doly taýýar edilen ilkinji ulag hasaplanýar. Amsterdamyň Şipol aeroportundan Haarlem şäherine çenli aralykda gatnaýan ýolagçylar “CityPilot”-dan ilkinji peýdalananlar boldy. Hünärmenler bu synagyň üstünlikli tamamlanandygyny aýdýar.
“Daimler” toparynyň “Future Bus” taslamasynyň çäklerinde işläp taýýarlanan “CityPilot” “Mercedes”-iň “Highway Pilot” atly beýleki sürüjisiz ulag platformasynda döredilipdir. GPS, radar we birnäçe kamera bilen üpjün edilen awtobus ýol yşygyny, pyýadalary, ýoldaky päsgelçilikleri duýup bilýär. Ýoldaky çukury hem “görýän” ulag öz ýolagçylarynyň rahatlygyny dolulygyna üpjün edýär. Ulaga sürüjisiz diýilse-de, kanun taýdan hökmany bolany üçin ony özbaşyna ugradyp bolmaýar. Eger-de garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykmasa, sürüji awtobusyň işine goşulmaýar. Awtobus dolulygyna taýýar hem bolsa, entek geçmeli synaglary bar.
Sürüjisiz ulaglaryň “gara gutusy” bolar
Has ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen ulaglaryň özbaşdak ýerine ýetirip bilýän funksiýalary artýar. Geljekde dolulygyna sürüjisiz boljak ulaglar eýýäm ýol hereketine goşulmaga taýýar edildi. Emma entek munuň üçin degişli kanunçylygyň taýýarlanmagy, olar üçin aýratyn ýol belgileriniň goýulmagy zerurdyr. Germaniýanyň ulag ministrligi sürüjisiz ulaglarda uçarlardaky ýaly “gara gutularyň” oturdylmagyny hökmany hasap edýär. Häzirki wagtda bu düzgüniň ýola goýulmagy üçin ýörite kanun taslamasy taýýarlandy. Oňa laýyklykda, sürüjisiz ulaglarda sürüşe degişli ähli maglumatlary ýazgy edýän we kyn şertlerde zaýalanmaýan enjam goýlar. Bu ulgam sürüjisiz ulagyň haçan özbaşdak hereketde bolandygyny, sürüjiniň oňa haçan goşulandygyny anyklamaga mümkinçilik döreder. Şeýlelikde, ýol hereketinde ýüze çykyp biläýjek ýaramaz ýagdaýlara sürüjiniň ýa-da awtoulag ulgamynyň sebäp bolandygyny anyklamaga ýakyndan ýardam berer.