Türkmenistan goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.

ir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şul­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­daw tap­ýar. Go­laý­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da BMG-ä ag­za döw­let­le­riň äh­li­si ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren tek­li­bi esa­syn­da “2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma­nyň bi­le­lik­de dö­re­di­ji­le­ri hök­mün­de dün­ýä­niň 73 döw­le­ti çy­kyş et­di.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” şygary astynda geçýän ýylda şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk to­ýy toý­lan­dy. Bu şan­ly to­ýuň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikinji mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu ta­ry­hy mej­lis­de ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­rar­lar ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä­de bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­ri we köp ýurt­lar­da top­la­nan tej­ri­bä­ni na­za­ra alyp, iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma geç­me­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ni we­kil­çi­lik­li ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­tiň we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­ýan eda­ra­lar ul­ga­my­na goş­ma­gy tek­lip et­di. Iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi türk­men jem­gy­ýe­ti­niň äh­li gat­lak­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer, hu­kuk ula­nyş tej­ri­be­sin­de gö­zeg­çi­lik we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­ga şert dö­re­der, de­pu­tat­la­ryň saý­law­çy­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny has ýa­kyndan ýo­la goý­ma­gy­na, ka­nun­la­ryň we mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­mä­ge iter­gi be­rer.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de dün­ýä­de fi­zi­ki, san­ly we bio­lo­gik hä­si­ýet­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ut­gaş­ma­gy­ny aň­lad­ýan “dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­nyň” eý­ýäm ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ry­na öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip baş­lan­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­me­giň tä­ze mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe hök­mün­de ga­ra­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da alnyp ba­rlan iş­le­ri­ň jem­le­ri bo­ýun­ça 4-nji okt­ýabr­da ge­çir­ilen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­nden soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bi­len bag­ly­lyk­da, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de umu­my­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di.
On­da Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň iş me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak, ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça to­pa­ryň işi bi­len bag­ly me­se­le­le­r ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­na üýt­get­me­le­ri hem-de goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak işi Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, we­la­ýat, şä­her we et­rap halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýaş­lar bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­ler.
Goý, eziz Di­ýa­ry­myz­da hu­kuk ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zy kä­mil­leş­dir­mek­de taý­syz ta­gal­la­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman, öm­ri uzak bol­sun! Il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri mun­dan beý­läk-de uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ene­jan Aşyrk­ly­ço­wa,
Kö­ne­ür­genç et­ra­by­ndaky daşary ýurt dil­le­ri­ne
ýö­ri­te­leş­di­ri­len 24-nji or­ta mek­de­bi­ň mu­gal­ly­my.