Geçen ýylyň ahyrynda dünýäniň öňdebaryjy mobil enjamlaryny öndüriji kompaniýasy “Apple” “iPhone” satuwynyň ösüş depgininiň azalandygyny, şol sebäpli esasy girdejisini harytlaryň satuwyndan däl-de, hyzmatlardan alýandygyny mälim edipdi. Munda smartfon bazarynyň doýgunlyga ýetmeginiň täsiriniň uludygy aýdylýar. Soňky maglumatlara görä, ABŞ-daky smartfon satuwynda “Samsung”-yň öňe geçendigi mälim edildi. Mart-maý aýlaryny öz içine alýan üç aýlyk döwürde “Samsung” enjamlary amerikan bazarynyň 37 göterimini eýeläpdir. Bu görkeziji “Apple” üçin 29 göterim derejesinde bolupdyr. Telefon modelleriniň satuwynda hem koreý kompaniýasy öňdeligi eýeleýär. Ýurtda täze telefon edinenleriň 16 göterimi “Samsung”-yň “Galaxy S7” we “Galaxy S7 edge” modellerini saýlapdyr. Degişli döwürde “Apple”-iň “iPhone 6s” we “iPhone 6s Plus” telefonlary bazaryň 14,6 göterimini emele getiripdir. “Galaxy Note 7” hem-de sentýabrda “iPhone 7” modelleriniň tanyşdyrylmagy bilen ägirtleriň arasyndaky bäsdeşlik has hem gyzyşar.