Awst­ra­li­ýa­nyň mil­li uni­wer­si­te­ti­niň hem-de ABŞ-nyň Ne­wa­da uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da­ky ki­tap­la­ryň or­ta­ça sa­ny­ny anyk­lap­dyr­lar­. Bu bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, dün­ýä­niň ila­ty­nyň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça, 115 ki­tap bar­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, Tür­ki­ýe­dä­ki öý ki­tap­ha­na­lar­da or­ta­ça 27, Çi­li­de 52, Bel­gi­ýa­da 95, Ýa­po­ni­ýa­da 102, Ir­lan­di­ýa­da 102, ABŞ-da 114 ki­tap bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr.
Iň go­wy on­lu­ga fran­suz­lar gi­rip, bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, ola­ryň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça 117 ki­tap bar. Ka­na­da­nyň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça, 125, iň­lis­le­riň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça 143 ki­tap sak­lan­ýar. Awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da bir­ne­me köp­räk – 148 ki­tap, ne­mes­le­riň­ki­de bol­sa 151 ki­tap sak­la­nyl­ýar. Ki­tap eýe­le­ri­niň bäş­li­gi­ne Rus­si­ýa gi­rip, rus­si­ýa­ly­la­ryň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça, 154 ki­tap bar­dy­gy bel­li bo­lup­dyr.
Sa­na­wyň dör­dün­ji or­nun­da Da­ni­ýa ýer­le­şip, da­ni­ýa­ly­la­ryň öý ki­tap­ha­na­syn­da or­ta­ça 192 ki­tap bar­dy­gy anyk­la­ny­lyp­dyr. Ki­tap eýe­le­ri­niň üç­lü­gi­ne Çe­hi­ýa gi­rip, çeh­le­riň öýün­de or­ta­ça 202 ki­tap sak­lan­ýar. Ki­tap reý­tin­gi­niň ikin­ji or­nu­ny Nor­we­gi­ýa eýe­läp, nor­weg­le­riň öý ki­tap­ha­na­syn­da or­ta­ça 212 ki­tap bar­dy­gy anyk­la­ny­lyp­dyr. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Es­to­ni­ýa öň­de­li­gi eýe­läp, bu ýur­duň ila­ty­nyň öý ki­tap­ha­na­la­ryn­da 218 ki­tap bar eken.