Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Martin Bodmeriň gaznasy muzeýinde açylan sergide meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romanynyň üç sahypasy görkezildi. Golýazmalaryň sahypalary bu muzeýiň Halkara gyzyl haç komiteti we BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasy bilen birlikde guran sergisinde goýuldy. Sergi uruş we parahatçylyk temasyna bagyşlanypdyr.
L.N.Tolstoýyň döwlet muzeýiniň baş ýolbaşçysy Nadežda Petrowanyň aýtmagyna görä, uruş näletlenilýän bu üç sahypa Tolstoýyň bäş ýarym müňden gowrak sahypadan ybarat golýazmasynyň arasyndan saýlanyp alyndy. Sahypany ýörite niýetlenen seýf-çemodanda Ženewa şäherine getirdiler.
Bu sergide 130-dan gowrak resminama hem-de artefakt görkezilýär. Mysal üçin, sergide miladydan öň 2430-njy ýylda klinopisda ýazylan parahatçylyk hakyndaky şertnama we Westfal parahatçylygy (1648-nji ýyl) şertnamasy we beýleki taryhy resminamalar köpüň ünsüni özüne çekýär.