Ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si Pat­rik Mo­dia­no­nyň tä­ze ro­ma­ny çap edil­di. Fran­suz di­lin­de çap edi­len bu ro­man “Sim­pa­tik sy­ýa” (“Encre sym­pat­hique”) at­lan­dy­ry­lyp, 3-nji okt­ýabr­da ki­tap dü­kan­la­ry­na ýaý­ra­dy.
No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si­niň bu ýyl “Bi­ziň dur­muş­da­ky il­kin­ji ädim­le­ri­miz” (“Nos de­buts dans la vie“) at­ly pýe­sa­sy hem çap edil­di. Onuň öň­ki “Uky­da­ky ýat­la­ma­lar” (“Souvenirs dor­mants”) ro­ma­ny 2017-nji ýy­lyň okt­ýabr­yn­da çap­dan çy­kyp­dy.
Pat­rik Mo­dia­no otuz­dan gow­rak ro­man­la­ryň we po­west­le­riň aw­to­ry­dyr. Onuň eser­le­ri bir­nä­çe hal­ka­ra baý­rak­la­ry, şol san­da, “Ga­raň­ky kö­çä­niň dü­kan­la­ry” ro­ma­ny üçin 1978-nji ýyl­da Gon­kur baý­ra­gy, “Bul­war hal­ka­sy” ro­ma­ny üçin 1972-nji ýyl­da Fran­suz Aka­de­mi­ýa­sy­nyň “Gran-Pri” baý­ra­gy we umumy dö­re­di­ji­li­gi­ üçin bol­sa 1984-nji ýyl­da Knýaz Mo­naksk baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Pat­rik Mo­dia­no “Sun­ga­tyň güý­ji ar­ka­ly akyl ýe­ti­rip bol­ma­ýan adam yk­bal­la­ry­na we dur­mu­şa çuň­ňur ara­la­şan­dy­gy üçin” 1984-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.