Saturn planetasynyň orbitasynda täze 20 hemranyň bardygy anyklandy. Şeýlelikde, daşy halkaly planeta Ýupiterden geçip, iň köp hemrasy bolan planeta boldy. Gawaidäki “Subaru” teleskopy arkaly geçirilen barlaglaryň netijesinde tapylan hemralaryň diametriniň 5 kilometre barabardygy mälim edildi. Indi Saturnyň 82 hemrasy bar. Ýupiterde bolsa 79 hemra bar. Täze tapylan hemralaryň 17-siniň orbitada Saturnyň tersine aýlanýandygy, ugurdaş aýlanýan iki hemranyň aýlawyny iki ýylda tamamlaýandygy anyklandy. Iň uzak orbitada aýlanýan hemra öz aýlawyny 3 ýylda tamamlaýan eken. Waşingtondaky Karnegi bilim institutynyň ylmy işgäri Skott Şeppard bu açyşlaryň planetanyň emele gelşi barada täze maglumatlary toplamaga ýardam edip biljekdigini mälim etdi. Ýupiter 1990-njy ýyllardan bäri iň köp hemrasy bolan planeta hasaplanýardy.