Hy­taý­ly ast­ro­nom­lar Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da pag­ta çi­gi­di­ni gö­gert­me­gi ba­şar­dy­lar. Mun­dan ozal hem Ýe­riň hem­ra­syn­da to­hum gö­gert­mek üçin sy­na­ny­şyk edi­lip­dir. Il­kin­ji sy­na­ny­şyk­da şi­ne­län pag­ta çi­gi­di gys­ga wagt­dan gu­rap­dy. “Chang’e 4” kos­mos gä­mi­si şu ýy­lyň ba­şyn­da Aýyň bi­ziň gör­me­ýän ta­ra­py­my­za go­nup­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aýyň öz oku­nyň da­şyn­da­ky he­re­ke­ti bi­len Ýe­riň da­şyn­dan ed­ýän aý­la­wy de­ňe­çer bo­lan­soň, biz onuň di­ňe bir ta­ra­py­ny gör­ýä­ris. “Chang’e 4”-de Aý mik­roe­ko­ul­ga­my (Lu­nar Mik­ro Eko­sys­tem – LME) at­ly ag­ra­my 2,6 ki­log­ram­lyk eme­li bi­os­fe­ra bar. Bu bi­os­fe­ra­nyň içi bi­len bol­sa kä­bir jan­ly or­ga­nizm­ler hem Aýa ibe­ri­lip­di. Uzyn­ly­gy 18 sm, ini 16 sm bo­lan LME-niň için­de Ýer­dä­ki ho­wa şert­le­ri dö­re­di­len. Onuň için­de pag­ta, kar­toş­ka, şal­gam, klo­pow­nik we si­ňek bar. Il­kin­ji sy­na­ny­şyk­da şi­ne­län pag­ta çi­gi­di tiz wagt­dan gu­rap­dy. Soň­ky sy­na­ny­şyk­da bol­sa pag­ta çi­gi­di­niň gö­ge­ren­di­gi we iki ýap­rak çy­ka­ran­dy­gy mä­lim edil­di. LME çi­gi­diň gö­ger­me­gi üçin amat­ly bo­lan 1 at­mos­fe­ra ba­sy­şy­ny dö­red­ýär. Bu ýer­dä­ki top­ra­gyň ýy­ly­ly­gy amat­ly şert­ler­de sak­lan­ýan hem bol­sa, kos­mos­da­ky gra­wi­ta­si­ýa­nyň az­ly­gy we ra­di­ýa­si­ýa­nyň köp­lü­gi ösüm­li­giň ulal­ma­gy­na päs­gel ber­ýär. Tas­la­ma ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Şi Geng­şin “Chang’e”-niň agyr­dy­gy se­bäp­li 3 ki­log­ram­dan az bo­lan en­ja­myň için­de ekin ek­me­li bo­lan­dyk­la­ry­ny, beý­le­ki ösüm­lik­le­ri hem ekip gör­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar.
Mun­dan ozal Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de ösüm­lik­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­di. Em­ma Aýyň ýü­zün­de il­kin­ji ge­zek to­hum gö­ger­di. Bu to­hum­la­ryň iki hep­de­den gu­ra­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Se­bä­bi Aý­da gi­je­si­ne ho­wa aşa so­wuk bol­ýar. Şol se­bäp­li onuň ýy­ly­ly­gy­ny uzak wagt­lap sak­lap bol­ma­ýar. Hy­ta­ýyň Aý tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ki­çeň­räk jan­dar­la­ry hem iber­mek me­ýil­le­ri bar. Em­ma hä­zir­ki wagt­da ibe­ril­ýän en­jam­lar ge­rek­li muk­dar­da kis­lo­rod äki­der­den ki­çi­räk. Şi Geng­şin en­ja­myň için­dä­ki kis­lo­ro­dyň bir pyş­ba­ga 20 gün ýet­jek­di­gi­ni aýd­ýar. In­di­ki ýy­lyň ba­şyn­da uçu­ryl­jak “Chang’e 6” en­ja­my bi­len tä­ze or­ga­nizm­ler Aýa ibe­ri­ler.