“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem, öý ho­ja­lyk en­jam­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hem ön­dür­ýär. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy in­di­ki ýy­lyň ýan­war aýyn­da ge­çi­ril­jek “CES 2020” ser­gi­sin­de “Ze­ro Be­zel” at­ly te­le­wi­zory ta­nyş­dyr­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu te­le­wi­zor soň­ky wagt­lar­da ýü­zü­ni tu­tuş­ly­gy­na ek­ran tut­ýan smart­fon­lar ýa­ly çar­çu­wa­syz bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zir­ki wagt­da ön­dür­ýän te­le­wi­zor­la­ry hem çar­çu­wa­sy­nyň in­siz­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem “Sam­sung” go­laý­da 32:9 öl­çe­gin­de ult­ra giň 49 dýuým­lyk QLED mo­ni­to­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze te­le­wi­zor 2020-nji ýylyň 7-10-njy ýan­war­ynda ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek elekt­ron en­jam­la­ry­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi­de gör­ke­zi­ler.