Ozal “Tesla” kompaniýasynda ýolbaşçy wezipesinde işlän Peter Rawlinsonyň geçen ýyl döreden şereketi “Atieva” ilkinji ulagyny taýýar etdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürmek maksady bilen döredilen firma ilkinji kiçi göwrümli ýük ulagyny synagdan geçirdi. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edýän “Atieva” synag sürüşinde “Tesla”-dan we “Ferrari”-den ozdurdy. Onuň kuwwaty 900 at güýjüne barabar. Iň esasysy bolsa, sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 3,08 sekuntda ýetýär. Emma kompaniýa bu ulagy nusgalyk görnüşde çykarandygyny, 2018-nji ýyldan başlap, sedan awtoulagynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýändigini habar berdi. Kiçi göwrümli ýük ulagy diňe elektrikli platformany synagdan geçirmek maksady bilen döredilipdir. Onuň tizligi we kuwwaty şeýle ýokary bolsa, aerodinamik taýdan häs kämil elektromobiliň mundan hem güýçli boljakdygy ikuçsyzdyr.