Dünýäniň dürli ýerleriniň özboluşly tebigaty bolup, ol ýerlerde dürli görnüşli ösümlikler ösýär, jandarlar ýaşaýar. Şeýle jandarlaryň biri hem Günorta Amerikada And daglarynyň eteklerinde ýaşaýar. Düýeler maşgalasyna degişli bolan alpaka atly bu jandarlar goýundan ulurak, lamadan kiçiräk bolýar. Öý haýwany hökmünde saklanýan alpakanyň ýüňünden gymmat bahaly süýüm alynýar. Agramy 50-80 kilogram aralygynda bolýan alpakalaryň aýaklary inçe, kellesi kiçi bolýar. Olaryň ýüňüniň reňki doglanda nähili bolsa, ulalanda hem şeýle bolýar. Alpakalaryň 22 reňklisi bolup, ala, ýagny garyşyk reňklisi örän seýrek duşýar. Olar, esasan, ak, gara, çal, goňur, sarymtyl-goňur reňkli bolup, olary beýleki öý haýwanlary bilen bir ýerde saklap bolýar. 15-20 ýyl ýaşaýan bu jandarlar, esasan, Peruda, Argentinada, Boliwiýada, Ekwadorda we Çilide ýaşaýarlar. Dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem alpaka fermalary bar.