Norwegiýanyň programma üpjünçilikçisi “Opera”-ny Hytaýyň konsorsiumy satyn aldy. Internet eksploreri bilen tanalýan firmanyň mobil we web platformasy bilelikde 600 million dollara satyldy. Gol çekilen ylalaşyga görä, kompaniýanyň eksplorer bölümi, tehnologiýa patentleri we ady “Qihoo 360” atly firmanyň ýolbaşçylyk edýän konsorsiumyna berildi. “Opera” kompaniýasy 18 aýyň dowamynda özüne başga bir at tapmaly bolar. Şeýlelik-de, “Opera Software”-iň dörtden biri bu konsorsiumyň adyna geçdi. Kompaniýa mundan soňra applikasiýalar we teleýaýlym hyzmatlaryny dowam etdirer. Iň ýaýran eksplorerleriň biri bolan “Opera” soňky wagtlarda batareýany tygşytlaýan mody, mahabatyň öňüni alýan aýratynlyklary bilen ulanyjylaryň has köp isleg bildirýän internet eksploreri bolupdy.