Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hoşniýetli gatnaşyklara hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatymyz täze üstünliklere beslenýär. Muňa geçen hepdede paýtagtymyzda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçirilen mejlisinden hem görmek bolýar.

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Aş­ga­bat Sam­mi­ti, 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk eden Ga­raş­syz hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gu­ra­ma­nyň çä­gin­de sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry has-da be­len­de gal­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Aş­ga­bat Sam­mi­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy esa­syn­da iş­le­nip dü­zü­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da­ky Jar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem-de gol çe­kil­me­gi bi­len ýat­da gal­dy. Bu Jar­na­ma­nyň äh­mi­ýe­ti­niň hem-de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze stra­te­gik ugur­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne go­şan­dy­gy­nyň ulu­dy­gy Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de edi­len çy­kyş­lar­da hem-de oňa gat­naş­mak üçin ge­len da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň taý­ýar­lan ma­ka­la­la­ryn­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z 2017-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Rus­si­ýa­nyň So­çi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­lis­de bu Jar­na­ma­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy ba­bat­da­ky baş­lan­gyç bi­len çy­kyş edip­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, bu Jar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­ne äh­li GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň we­kil­le­ri, bi­ler­men­le­ri gat­naş­dylar. Bu Jar­na­ma yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň, esa­san hem, ulag, ener­ge­ti­ka, söw­da ýa­ly köp san­ly ugur­la­ryny öz içi­ne al­ýar. Ka­bul edi­len Jar­na­ma şu müm­kin­çi­lik­le­riň bi­le­lik­dä­ki ösü­şe gö­nük­di­ril­me­gin­de, tä­ze göz­ýe­tim­le­riň açyl­ma­gyn­da mö­hüm mak­sat­la­ry öň­de goý­ýar. Mu­nuň özi Ar­ka­la­şy­gy Ýew­ra­zi­ýa­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek ug­run­da­ky tu­tum­ly ta­gal­la­la­ryň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Şun­da san­ly ul­ga­ma, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra uly orun de­giş­li­dir.
Şeý­le hem bu Sam­mit­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ar­ka­la­şy­ga gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da­ky di­ňe sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy däl, eý­sem, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hem gat­na­şyk­la­ryň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy aý­ra­tyn nyg­ta­lyp ge­çil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz GDA-nyň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ge­ňe­şi­niň hem-de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň “Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin” me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dy. Bu ýo­ka­ry sy­lag mil­li Li­de­ri­mi­ziň GDA-nyň çäk­le­rin­de döw­le­ta­ra yn­san­per­wer-me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we gi­ňel­dil­me­gi­ne, baý mil­li me­de­ni­ýe­ti wa­gyz et­mä­ge go­şan­dy­nyň çäk­siz­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Şeý­le­lik­de, türk­men paý­tag­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu res­mi­na­ma GDA-nyň çäk­le­rin­de stra­te­gi­ki esas­da öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam eder.

Ata­jan MYL­KY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.