Ýurdumyzyň ulag düzüminiň düýpgöter özgerdilmeginde raýat awiasiýasynyň hem paýy uludyr. “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli güýçlendirilýär hem-de häzirki zaman howa menzilleri bilen onuň kuwwaty barha belende galýar.
Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk berjaý edýär. Bu babatda IKAO – Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.
Ýaňy-ýakynda, hormatly Prezidentimiziň geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda hem raýat awiasiýasynyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda berlen hasabatlara görä, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) bilermenleri ýurdumyzda saparda bolup, uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçilik etdiler. Abraýly guramanyň geçiren barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş “howa derwezesi ”– Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda dünýä ölçeglerine kybap gelýän halkara howa menzili guruldy. Türkmenabatda uçuş-gonuş zolagy iň ýokary talaplara laýyk gelýän halkara howa menzili ulanmaga berildi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzili “Iň uly göl” diýen binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda aeronawigasiýa hem-de ýolagçylara hyzmat ediş ulgamynyň infrastrukturasynyň ösüşine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şonuň netijesinde, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Ýurdumyzyň howa gatnawlary ulgamynyň işgärleri yzygiderli halkara gatnawlarynyň çäklerini giňeldýärler hem-de ozal bar bolan howa ýollarynda uçuşlaryň ýygylygyny we gatnawlaryň möçberini artdyrýarlar.
Allaberdi ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.